Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 16:12 - Mukaddes Kitap

12 Ýyşaý ony getirtdi. Ol gyzylmeňizdi, görmegeýdi, gözleri owadandy. Reb: «Bu şol, tur, onuň başyna ýag guýup saýla» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Йышай оны гетиртди. Ол гызылмеңизди, гөрмегейди, гөзлери оваданды. Реб: «Бу шол, тур, онуң башына яг гуюп сайла» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 16:12
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Potypar ähli mal-mülküni Ýusubyň ygtyýarlygyna berdi. Ol indi öz damagyndan başga zada baş galdyrmaýardy. Ýusup boý-syratly, juda görmegeý ýigitdi.


Ine, Dawudyň soňky sözleri şulardyr: Belende göterilen Ýyşaý ogly Dawut diýýär, Ýakubyň Hudaýynyň seçip saýlan adamy, Ysraýylyň şirin labyzly bagşysy şeýle sözleýär:


Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim.


Sadok ruhany bilen Natan pygamber şol ýerde onuň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga bellesinler; onsoň surnaý çalyň-da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň.


Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.


«Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan».


Onuň aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy, ol çagasynyň ýakymlyjadygyny görüp, ony öýünde üç aý gizläp saklady.


Akmeňiz, gülgüne ýüzlüdir, ýarym, on müňleriň arasynda saýlanýar ol.


Onuň ýolbaşçylary gardan arassa, süýtden akdylar. Bedenleri merjenden gyzyl, daş sypatlary ýakut kimindi.


Ol: «Bular başyna ýag çalnyp saýlanyp, bütin ýer ýüzüniň Taňrysyna gulluk edýän iki kişidir» diýip jogap berdi.


Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar.


Şol wagt Musa eneden doguldy. Ol Hudaýyň nazarynda juda eýjejik çagady. Ene-atasy öýünde oňa üç aý seretdi.


Musa doglanda, ata-enesi ony iman arkaly üç aý gizläp saklady. Olar oglanyň üýtgeşikdigini görüp, patyşanyň permanyndan gorkmadylar.


Olaryň biri: «Ýogsa-da, men beýtullahamly Ýyşaýyň bir ogluny gördüm. Saza ussat, batyr ýigit, gaýduwsyz urşujy, dilewar hem görmegeý. Reb hem onuň bilen» diýdi.


Dawuda gözi düşende, piliştli oňa äsgermezlik bilen seretdi, çünki Dawut ýaşdy, gyzylmeňizdi hem görmegeýdi.


Dawudyň Jalut piliştli bilen uruşmaga barýanyny görende, Şawul öz goşunbaşysy Abnerden: «Bu ýigit kimiň ogly, Abner?» diýip sorapdy. Abner: «Patyşanyň ömri uzak bolsun, bilmedim» diýip jogap beripdi.


Şamuwel Şawuly görende, Reb oňa: «Ine, Meniň saňa aýdan adamym şu. Meniň halkyma baştutanlyk etjek şoldur» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ