Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 16:1 - Mukaddes Kitap

1 Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek? Men onuň Ysraýylyň üstünden patyşalyk etmegini ret etdim! Hany bol, küýzäňi ýagdan doldur-da, ýola düş. Men seni beýtullahamly Ýyşaýyň ýanyna iberjek, çünki Men onuň ogullarynyň arasyndan birini Özüm üçin patyşa saýladym».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Реб Шамувеле шейле дийди: «Сен хачана ченли Шавулың дердини чекип йөрҗек? Мен онуң Ысрайылың үстүнден патышалык этмегини рет этдим! Ханы бол, күйзәңи ягдан долдур-да, ёла дүш. Мен сени бейтуллахамлы Йышайың янына иберҗек, чүнки Мен онуң огулларының арасындан бирини Өзүм үчин патыша сайладым».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 16:1
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elýaşa pygamberler toparyndan birini çagyryp, şeýle diýdi: «Biliňi guşap, eliňe şu zeýtun ýagly golçany alyp, Ramotgilgada git.


Onsoň ýagly golçany al-da, ony Ýehuwyň depesinden guýup, Reb şeýle diýýär diý: „Men seni Ysraýyla patyşa edip belleýärin“. Onsoň sen ol ýerde hiç hili eglenme-de, tiz gaç».


Şeýdip, Ýehu turup, ýaş pygamber bilen bile içeri girdi. Ýaş pygamber hem onuň depesinden ýag guýup, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men seni Öz halkym bolan Ysraýyla patyşalyga belleýärin.


Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna geldiler. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Rebbiň Şamuweliň üsti bilen aýdan sözüne laýyklykda, Dawudyň başyna ýag guýup, ony Ysraýyla patyşa bellediler.


Ýöne ebedilik patyşa bolmagym üçin, Ysraýyl Hudaýy Reb kakamyň maşgalasynyň arasyndan meni saýlady. Ol Ýahudany baştutan saýlady, Ýahudanyň neslinden kakamyň maşgalasyny saýlady. Bütin Ysraýyla patyşa etmekde kakamyň ogullarynyň arasyndan men Onuň göwnünden turdum.


Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer.


Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.


Ine, Men ony halklara şaýat, baştutan hem baş serkerde etdim.


Eý, Ýermeýa, sen-de bu halk üçin dileg etme, olar üçin dady-perýat etme, ýalbarma, çünki betbagtçylyga uçrap, Meni çagyranlarynda, olary diňlemerin.


Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!


Olara „ýalan kümüş“ diýler, çünki Reb olary ret etdi».


Eý, Ýermeýa, sen bu halk üçin dileg etme, olar üçin perýat etme, ýalbarma, huzurymda olara töwellaçy bolma, barybir Men seni diňlemerin.


Ol: «Bular başyna ýag çalnyp saýlanyp, bütin ýer ýüzüniň Taňrysyna gulluk edýän iki kişidir» diýip jogap berdi.


Işaýa pygamberiň kitabynda hem şeýle ýazylgydyr: «Ýyşaýyň Köki peýda bolar, Ol halklara Hökümdar bolar, milletler Oňa umyt baglar».


Başga ýene näme aýdaýyn? Gidegon, Barak, Şimşon, Ýeftah hakda, Dawut, Şamuwel we beýleki pygamberler hakda gürrüň bermäge wagtym ýok.


Eger biri doganynyň ölüme eltmeýän günä edýänini görse, goý, onuň üçin Hudaýa ýalbarsyn. Hudaý oňa ýaşaýyş berer. Muny ölüme eltmeýän günä edýänler hakda aýdýaryn. Ölüme eltýän günä-de bardyr. Beýle günä edýän adam üçin Hudaýa ýalbaryň diýmeýärin.


Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi.


Çünki topalaň palçylyga barabar günädir. Tekepbirlik şere we butparazçylyga barabardyr. Rebbiň sözüni ret edendigiň üçin Reb hem seniň patyşa bolmaklygyňy ret etdi».


Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Seniň bilen gitmerin, çünki sen Rebbiň sözüni ret etdiň, Reb hem seniň Ysraýyla patyşa bolmaklygyňy ret etdi».


Şondan soň Şamuwel ömri ötýänçä Şawuly gaýdyp ýeke gezek görmese-de, onuň derdini çekip gezdi. Reb Şawuly Ysraýyla patyşa edendigine ökündi.


Hyzmatkärleri Şawula şeýle diýdiler: «Görýäňizmi, Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah sizi gorkuzýar.


Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah Şawulyň üstüne inen wagty, Dawut lirasyny alyp çalardy, şonda jyn-arwah ondan el çekerdi we Şawul gutulyp ynjalardy.


Dawut Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan efratly Ýyşaý diýen adamyň ogludy. Ýyşaýyň sekiz ogly bardy. Şawulyň döwründe Ýyşaý eýýäm garrap, ýaşy birçene baran adamdy.


«Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen onuň başyna ýag guýup, ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdar bellärsiň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ