Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 15:9 - Mukaddes Kitap

9 Ýöne olar Agagy we goýunlardyr öküzleri, baga bakylan mallary, guzularyň semizlerini mahlasy, gowy zatlary diri galdyrdylar we olary bütinleý ýok etmediler. Olar diňe derde ýaramajak zatlary bütinleý ýok etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Йөне олар Агагы ве гоюнлардыр өкүзлери, бага бакылан маллары, гузуларың семизлерини махласы, говы затлары дири галдырдылар ве олары бүтинлей ёк этмедилер. Олар диңе дерде ярамаҗак затлары бүтинлей ёк этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 15:9
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň sandygyny göterijiler alty ädim ýöränden soň, Dawut bir öküz bilen semiz göläni gurbanlyk berdi.


Benhadat Ahaba: «Men kakamyň seniň kakaňdan alan galalaryny yzyna gaýtaryp bererin. Kakamyň Samariýada bazarlar gurşy ýaly, sen hem Damaskda özüňe bazarlar gur» diýdi. Ahap: «Eger sen şu beren wadaňa wepaly bolsaň, men seni boşadaryn» diýdi. Şeýdip, Ahap Benhadat bilen äht baglaşyp, ony boşatdy.


Bu ýagy köp pula satyp, garyplara paýlap bolardy ahyryn» diýişdiler.


Altyn-kümüşden, misden we demirden ýasalan ähli gap-gaçlar Rebbe bagyş edilendir. Olar Rebbiň gaznasyna goýulmalydyr».


Men olja alnan zatlaryň arasyndan owadan Şingar donuny, bäş gadak kümüş hem-de agramy bir ýarym gadak bolan altyn tokgasyny görenimde, gözüm gidip, olary ogurladym. Aşagyna kümüş goýup, men olary çadyrymyň içinde ýere gömdüm» diýip jogap berdi.


Rebbiň Şamuwele: «Şawuly patyşa edendigime ökünýärin, çünki ol Menden ýüz öwürdi, buýruklarymy ýerine ýetirmedi» diýen sözi aýan boldy. Bu Şamuweliň gaharyny getirdi. Ol bütin gijäni Rebbe perýat edip geçirdi.


Şawul oňa: «Adamlar bulary amaleklerden getirdiler. Halk semiz goýunlardyr öküzleri seniň Hudaýyň Rebbe gurbanlyk bermek üçin diri goýdular, galanlaryny bütinleý ýok edip taşladyk» diýip jogap berdi.


Näme üçin sen Rebbiň sözüne gulak asmadyň? Näme üçin sen olja kowalaşyp, Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiň?»


Indi, bar, amalekleri gyr, olaryň ähli emlägini bütinleý ýok et. Olary diri galdyrma. Aýal-erkeginiň, çaga-çugasynyň, mal-garadyr dowarlarynyň, düýedir eşekleriniň baryny gyr“».


Sebäbi sen Rebbiň sözüne gulak asmadyň, Onuň Amalegiň garşysyna bolan gazabyny ýerine ýetirmediň. Şonuň üçin hem Reb seni bu gün şu ýagdaýa saldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ