Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 15:6 - Mukaddes Kitap

6 Şawul keýnlere: «Amalekler bilen bile paýhynlanasyňyz gelmeýän bolsa, ol ýerden çykyň; ysraýyl halky Müsürden çykyp gaýdanda, siz oňa ýardam edipdiňiz» diýip habar ýollady. Şunlukda, keýnler ol ýerden çykdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Шавул кейнлере: «Амалеклер билен биле пайхынланасыңыз гелмейән болса, ол ерден чыкың; ысрайыл халкы Мүсүрден чыкып гайданда, сиз оңа ярдам эдипдиңиз» дийип хабар ёллады. Шунлукда, кейнлер ол ерден чыкдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 15:6
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»


Ýagbesde ýaşan kätipleriň uruglary: tirgatlar, şimgatlar we sukatlar. Olar Rekabyň nesliniň atasy Hammatdan gelip çykan keýnlerdi.


Indi meniň sözüme gulak goý. Men saňa maslahat berjek. Hudaý saňa ýar bolsun! Sen Hudaýyň öňünde halkyň wekili bolup, olaryň ýagdaýlaryny Hudaýa ýetir.


Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň. Paýhas ýolundan ýöre».


Olaryň töwereginde duran ähli ysraýyllar bolsa, olaryň dady-perýadyny eşidenlerinde: «Ýer bizi-de ýuwudar!» diýşip gaçdylar.


Petrus başga-da köp deliller bilen olara şaýatlyk edip: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip ýalbardy.


«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da, olardan aýrylyň». Muny Reb diýýär. «Haram zatlara el degirmäň, şonda Men sizi kabul ederin».


Goý, Rebbimiz Onisiforyň öý-içersine rehimdarlyk etsin. Sebäbi ol ençeme gezek maňa göwünlik berip, meniň tussaglygymdan utanmady.


Täjirler şeýle diýerler: „Göwnüň küýsän miweleri ýitip gitdi. Baýlygyň we göz gamaşdyryjy ajaýyplygyň gaýyp boldy, olar indi asla dolanmaz“.


Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amalekleriň arasynda ornaşdylar.


Keýn tiresinden bolan Heber Kedeşiň golaýynda ýerleşen Saganannymda, dub agajynyň ýanynda çadyr gurupdy. Heber şol wagtlar beýleki keýnlerden aýry ýaşaýardy. Keýn tiresi Musanyň gaýynatasy Hobabyň nesillerindendi.


Keýnlerden bolan Heberiň aýaly Ýagel çadyrda ýaşaýan aýallar arasynda ýalkansyn!


Soňra Şawul amalekleriň galasyna gelip, çeşmäniň boýunda bukulyp ýatdy.


Akyş han: «Bu gün kimiň üstüne çozduň?» diýip soranda, ol: «Negep çölündäki ýahudalaryň topragyna» diýip, ýa-da «Negep çölündäki ýerahmeýelleriň ýerlerine» diýip, ýa-da «Negep çölündäki keýnleriň ýerlerine» diýip jogap bererdi.


Rakaldaky, ýerahmeýelleriň galalaryndaky, keýnleriň galalaryndaky,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ