Ýeşuwa olara şeýle buýruk berdi: «Siz galanyň arka tarapynda, onuň ýeňsesinde bukuda oturarsyňyz. Galadan gaty uzaga gitmäň we hemmäňiz taýýar bolup duruň.
Şawul keýnlere: «Amalekler bilen bile paýhynlanasyňyz gelmeýän bolsa, ol ýerden çykyň; ysraýyl halky Müsürden çykyp gaýdanda, siz oňa ýardam edipdiňiz» diýip habar ýollady. Şunlukda, keýnler ol ýerden çykdylar.