Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 15:29 - Mukaddes Kitap

29 Şeýle hem, Ysraýyl Şöhraty ýalan sözlemez ýa-da pikirini üýtgetmez. Çünki Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Шейле хем, Ысрайыл Шөхраты ялан сөзлемез я-да пикирини үйтгетмез. Чүнки Ол пикирини үйтгедер ялы ынсан дәлдир».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 15:29
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Beýiklik, güýç-gudrat, şöhrat, ýeňiş hem belentlik Seniňkidir, gökdäki hem ýerdäki zatlaryň hemmesi Seniňkidir; patyşalyk hem Seniňkidir, ýa Reb! Sen ählisinden belentsiň.


Ýa Reb, meni eşit-de, merhemet eýle! Ýa Reb, Sen bol meniň kömekçim.


Goý, Ony şöhratlandyrsyn asman bilen ýer, deňizler we olardaky ähli jandarlar.


Goý, gökler begensin, ýer hem şatlansyn. Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin.


Olar: «Dogrulyk hem kuwwat ýalňyz Rebdedir» diýerler. Oňa gazap bildirenleriň ählisi huzuryna gelip, utanarlar.


Muny Men-Reb aýtdym, bu berjaý bolar, Men ony ederin. Jezaňy geçmerin, gaýgyrmaryn we haýpym gelmez. Öz tutan ýollaryňa we işleriňe laýyklykda saňa höküm çykarylar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Reb gümmürdeýär Siondan hem seslenýär Iýerusalimden. Asman bilen ýer lerzana gelýär. Emma Reb Öz halkyna penadyr, hem ysraýyl halky üçin galadyr.


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


Emma Reb şeýle diýdi: «Saňa beren merhemetim besdir, sebäbi Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir». Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň güýji mende mesgen tutsun diýip, öz ejizliklerim barada höwes bilen magtanaryn.


Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr! Seni hemişe gollarynda göterer, garşyňdan duşmanlaryňy kowar, olary saňa ýok etmegi buýrar.


Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.


Emma biz Oňa sadyk galmasak-da, Ol bize sadykdyr, sebäbi Ol Özüni ret edip bilmeýär.


Hudaýyň bu ýörelgesi baky ýaşaýyş umydyny berýär. Sözünde asla ýalan bolmadyk Hudaý bu ýaşaýşy dünýä ýaradylmazdan öň wada berip,


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


Hudaýyň Oňa: «Reb ant içdi, Ol ondan dänmez. Sen müdimilik ruhanysyň» diýen anty arkaly ruhany boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ