Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 15:28 - Mukaddes Kitap

28 Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Шамувел оңа шейле дийди: «Реб бу гүн Ысрайыл патышалыгыны сениң элиңден йыртып алып, саңа гөрә хас говурак башга бирине берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 15:28
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi islegiňizi amala aşyryň, sebäbi Reb: „Men Öz halkym Ysraýyly gulum Dawudyň üsti bilen piliştlilerden hem onuň ähli duşmanlaryndan halas ederin“ diýip, Dawuda aýdypdy».


Reb Şawulyň elinden patyşalygy aljakdygyna, Dandan Beýerşeba çenli uzalýan Ysraýylda hem Ýahudada Dawudyň patyşalygyny berkarar etjekdigine ant içdi. Indi ol hakda aýdylany ýerine ýetirmesem, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondanam beterini görkezsin».


Dawut Mikala şeýle diýdi: «Bu seniň ataňyň hem onuň nesliniň ýerine meni saýlan, meni Öz halky Ysraýyla hökümdar eden Rebbiň huzurynda boldy. Hawa, men Rebbiň huzurynda tans etjek.


Şonuň üçin hem Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Seniň Meniň bilen eden ähtiňi bilgeşleýin bozup, Meniň saňa tabşyran parzlarymy saklamandygyň üçin, Men patyşalygy hökman seniň eliňden alyp, ony köşk emeldarlaryňyň birine bererin.


Ol Rebden soramandy. Şonuň üçin hem Reb ony öldürdip, patyşalygyny Ýyşaýyň ogly Dawuda berdi.


Hudaý barlamazdan güýçlüleri gyryp, ýerlerine başgalary goýýar.


Seniň gören bu agajyň, ýagny belent we güýçli, boýy asmana ýetip duran, dünýäniň çar künjünden hem görnüp duran,


Dünýäniň ähli ilaty hiç zat saýylar. Gögüň goşunyna hem, ýer ýüzüniň ilatyna hem Öz islän zadyny eder. Onuň elini saklap, «Seniň edýäniň näme?» diýjek hiç kim ýokdur.


Isa oňa: «Eger saňa ýokardan berilmedik bolsady, Meniň üstümden hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem, Meni tutup, seniň eliňe bereniň günäsi has-da agyrdyr» diýip jogap berdi.


Hudaý Şawuly tagtdan düşürenden soň bolsa, olara Dawudy patyşa etdi we ol hakda şaýatlyk edip: „Göwnümden turýan bir adamy, Ýyşaýyň ogly Dawudy tapdym. Ol Meniň ähli islegimi berjaý eder“ diýdi.


Her bir ynsan öz üstünden höküm sürýän häkimiýete tabyn bolsun, sebäbi Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur. Höküm sürýän häkimiýetler Hudaý tarapyndan bellenendir.


Ýöne, ine, indi seniň şalygyň dowam etmez. Reb Öz göwnünden turýan birini tapyp, ony Öz halkyna hökümdar bellär. Çünki sen Rebbiň emrini tutmadyň».


Ýyşaý ony getirtdi. Ol gyzylmeňizdi, görmegeýdi, gözleri owadandy. Reb: «Bu şol, tur, onuň başyna ýag guýup saýla» diýdi.


Aýallaryň bu aýdýan sözi Şawula ýakmady, onuň juda gahary geldi. Ol: «Olar Dawuda on müňüsini, maňa bolsa müňüsini berýärler. Oňa indi diňe patyşa bolaýmak galdy» diýdi.


Sen agam barada aýdan ähli ýagşylyklaryny ýerine ýetirip, Reb seni Ysraýyla hökümdar bellände, onda sen nähak gan dökmek ýa-da özüňi goramak üçin hasrata sebäp bolmarsyň, ynsabyň-da saňa yza bermez. Reb özüňi ýalkanda, gyrnagyňy ýatlagyn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ