Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 15:24 - Mukaddes Kitap

24 Şawul Şamuwele şeýle jogap berdi: «Men günä gazandym, çünki men Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirmedim, seniň sözüňi tutmadym. Sebäbi men halkdan gorkup, halkyň diýeni bilen boldum.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Шавул Шамувеле шейле җогап берди: «Мен гүнә газандым, чүнки мен Реббиң буйругыны ерине етирмедим, сениң сөзүңи тутмадым. Себәби мен халкдан горкуп, халкың диени билен болдум.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 15:24
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adam: «Miwäni Seniň maňa beren aýalyň alyp berdi. Men hem iýdim» diýdi.


Adama bolsa Beýik Hudaý şeýle diýdi: «Sen aýalyňyň gepine gitdiň, „Iýme“ diýip, gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiň. Seniň eden işiň sebäpli, Men topragy näletländirin. Sen toprakdan ömürboýy muşakgatlyk bilen iýmitlenersiň.


Dawut Natana: «Men Rebbiň öňünde günä gazandym» diýdi. Natan Dawuda: «Reb seniň günäňi geçdi; sen ölmersiň.


Seniň diliň düzýär weýrançylyklary, ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.


Faraon derrew Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Bu bolan ähli zatdan soň, men ýene-de siziň we Hudaýyňyz Rebbiň garşysyna günä etdim.


Erbet iş edýän köpçüligiň yzyna düşme. Bir dawada şaýatlyk edeniňde, köpçüligiň tarapynda durup, adalatdan ýüz dönderme.


Soňra faraon adam ýollap, Musa bilen Haruny çagyrtdy we olara: «Bu gezek men günämi boýun alýan. Rebbiňki dogry, meniň we halkymyň edýäni nädogry.


Adamdan gorkmak duzakdyr, Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr.


Sidkiýa patyşa: «Ine, ol siziň eliňizde, patyşa size garşy hiç bir zat edip bilmez» diýdi.


Onsoň Bilgam Rebbiň perişdesine: «Men günä etdim, Seniň garşymda ýolda duranyňy bilmändirin. Indi Sen eger meniň gitmegimi oňlamaýan bolsaň, men öýüme gaýdaýyn» diýdi.


«Men bigünä kişä haýynlyk edip, günä gazandym» diýdi. Olar-da: «Bize näme, muňa özüň jogap berýäň» diýdiler.


Şunlukda, men kimiň göwnünden turmakçy bolýaryn: adamlaryňmy ýa-da Hudaýyň? Eýsem men adamlara ýaranjak bolýarynmy? Eger men adamlara ýaranmakçy bolsadym, onda Mesihiň hyzmatçysy bolmazdym.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Şawul oňa: «Adamlar bulary amaleklerden getirdiler. Halk semiz goýunlardyr öküzleri seniň Hudaýyň Rebbe gurbanlyk bermek üçin diri goýdular, galanlaryny bütinleý ýok edip taşladyk» diýip jogap berdi.


Soňra Şawul Şamuwele: «Men günä gazandym. Ýöne halkymyň ýaşulularynyň öňünde we Ysraýylyň arasynda meni ryswa etme. Hudaýyň Rebbe sežde etmegim üçin, gaýdanyňda bile gideli» diýdi.


Ýöne olar Agagy we goýunlardyr öküzleri, baga bakylan mallary, guzularyň semizlerini mahlasy, gowy zatlary diri galdyrdylar we olary bütinleý ýok etmediler. Olar diňe derde ýaramajak zatlary bütinleý ýok etdiler.


Indi näme üçin siz Meniň buýran gurbanlyklaryma we sadakalaryma göz dikýärsiňiz? Näme üçin sen, Eliý, halkym Ysraýylyň sadakalarynyň iň saýlama ýerleri bilen özüňizi semretjek bolup, öz ogullaryňy Menden artyk hormatlaýarsyň?“


Şawul Dawuda şeýle diýdi: «Men günä etdim. Yzyňa dolan, oglum, Dawut. Indi men saňa hiç wagt ýamanlyk etmerin, çünki bu gün meniň janym seniň üçin juda gymmatly boldy. Men akmak bolupdyryn, juda ýalňyşypdyryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ