Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 15:22 - Mukaddes Kitap

22 Şamuwel şeýle diýdi: «Rebbe ýakma gurbanlyklardyr sadakalar bereniň bilen, Onuň Özüne boýun egilişindäki ýaly göwni galkynarmyka? Çünki boýun egmeklik gurbanlykdan, gulak asmaklyk goçuň ýagyndan has belentdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Шамувел шейле дийди: «Реббе якма гурбанлыклардыр садакалар берениң билен, Онуң Өзүне боюн эгилишиндәки ялы гөвни галкынармыка? Чүнки боюн эгмеклик гурбанлыкдан, гулак асмаклык гочуң ягындан хас белентдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 15:22
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Habyl hem öz sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň semizlerinden Rebbe sadaka getirdi. Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi.


Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir.


Dogrulyk we adalatlylyk etmek Rebbe gurbanlyk berenden ýakymlydyr.


Hiç haçan alňasaklyk bilen gepleme, Hudaýyň huzurynda ýürek sözüni aýtmaga howlukma; çünki Hudaý gökdedir, sen ýerdesiň. Şonuň üçin az sözle.


Men ata-babalaryňyzy Müsürden – demir ojagyndan çykaran günüm olara şeýle buýruk berdim: ‘Meniň sözüme gulak asyp, Meniň buýran ähli tabşyryklarymy ýerine ýetiriň. Şonda siz Meniň halkym, Men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn.


Çünki Men siziň ata-babalaryňyzy Müsürden çykaran günümden tä şu güne çenli dyngysyz „Sözüme gulak asyň“ diýip, berk duýduryş berip geldim.


Indi ýollaryňyzy we işleriňizi düzediň, Hudaýyňyz Rebbe gulak asyň. Şonda Reb-de siziň garşyňyza aýdan betbagtçylygyny goýbolsun eder.


Çünki Men gurbanlygy däl, sadyk söýgini isleýärin, Ýakma gurbanlygy däl, Hudaýy tanamaklygy isleýärin.


Maňa gurbanlyklar getirýärler, gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler. Reb olardan razy däldir. Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler. Olar Müsüre dolanarlar.


Siz: „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny bilsediňiz, günäsizleri höküm etmezdiňiz.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz narpyzdan, arpabadyýadan we zireden ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma Mukaddes Kanunyň has wajyp işlerini: adyllygy, rehimdarlygy, imany taşlaýarsyňyz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz.


sadakaňy sypanyň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen ýaraş. Soňra gelip, sadakaňy hödür et.


Ýöne siz gidiň-de, „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny öwreniň, sebäbi Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.


Ony tutuş ýüregiň hem akylyň bilen we ähli güýjüň bilen söýmeklik, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söýmeklik ýakma gurbanlyklaryň, beýleki gurbanlyklaryň hemmesinden has möhümdir» diýdi.


Onsoň men: „Indi piliştliler Gilgala, meniň üstüme dökülerler. Men bolsa Rebden medet hem dilemedim“ diýip oýlandym we ýakma gurbanlyk bermäge mejbur boldum».


Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Akmaklyk etdiň, öz Hudaýyň Rebbiň emrini tutmadyň. Reb seniň Ysraýylyň üstünden edýän şalygyňy ömürlik ebedileşdirjekdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ