Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 15:13 - Mukaddes Kitap

13 Şamuwel Şawulyň ýanyna baranda, Şawul oňa: «Reb saňa ýar bolsun! Men Rebbiň emrini berjaý etdim» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Шамувел Шавулың янына баранда, Шавул оңа: «Реб саңа яр болсун! Мен Реббиң эмрини берҗай этдим» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 15:13
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Ybrama pata berip: «Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaý Ybramy ýalkasyn!


Adam: «Miwäni Seniň maňa beren aýalyň alyp berdi. Men hem iýdim» diýdi.


Dawut çaparlaryň üsti bilen ýabeşlilere şeýle habar ýollady: «Öz jenabyňyz Şawuly jaýlap, oňa wepalylyk görkezendigiňiz üçin, Reb sizi ýalkasyn!


Seni öz agzyň däl, başgalar öwsün, öz diliň däl, keseki öwsün.


Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.


Adamlar bar, bakyşy şeýle tekepbir, gabaklary nähili ýokary.


Elleriniň miwesini oňa beriň, goý, şäher derwezesinde ony işleri öwsün.


Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz hem ýöne bir hyzmatkärdiris, diňe özümize tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirdik“ diýiň».


Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin.


Ol öz ejesine: «Sen bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ogurlatdyň, ony alana meniň ýanymda gargyş etdiň, seniň şol kümüşleriň mende, olary men aldym. Emma men olary häzir saňa gaýtaryp berýän» diýdi. Ejesi: «Reb seni ýalkasyn, oglum!» diýdi.


Bowaz: «Gyzym, goý, seni Reb ýalkasyn, seniň soňky görkezen wepalylygyň ozalkyňdan-da has gowy, çünki sen haýsydyr bir garyp ýa baý ýaş ýigidiň yzyna düşüp gitmediň.


Şawul ýakma gurbanlyk bermekligi ýaňy gutardym edende, Şamuwel geldi. Garşylamak hem salamlaşmak üçin, Şawul onuň öňünden çykdy.


Şawul oňa şeýle jogap berdi: «Men Rebbiň sözüne gulak asdym. Men Rebbiň aýdan ýerine gitdim; amalekleriň patyşasy Agagy tutup getirdim, olaryň özlerini bolsa gyryp, bütinleý ýok etdim.


Ýöne olar Agagy we goýunlardyr öküzleri, baga bakylan mallary, guzularyň semizlerini mahlasy, gowy zatlary diri galdyrdylar we olary bütinleý ýok etmediler. Olar diňe derde ýaramajak zatlary bütinleý ýok etdiler.


Şawul olara şeýle diýdi: «Derdimi paýlaşanyňyz üçin Reb sizi ýalkasyn!


Emma bir ýigit Nabalyň aýaly Abygaýyla şeýle diýdi: «Biziň hojaýynymyza salam aýtmak üçin, Dawut çölden çaparlar ýollapdyr. Emma hojaýynymyz olary kemsitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ