Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 15:12 - Mukaddes Kitap

12 Şamuwel daň bilen turup, Şawulyň gözlegine çykdy. «Şawul Karmel galasyna gidip, ol ýerde özüne ýadygärlik oturtdy, soňra bolsa Gilgala gitdi» diýip, Şamuwele habar berdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Шамувел даң билен туруп, Шавулың гөзлегине чыкды. «Шавул Кармел галасына гидип, ол ерде өзүне ядыгәрлик отуртды, соңра болса Гилгала гитди» дийип, Шамувеле хабар бердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 15:12
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym daň bilen turdy-da, biraz nan hem bir meşik suw alyp, olary Hajaryň egnine atdy. Ol oglany Hajaryň gözegçiligine berip, ony goýberdi. Hajar gidip, Beýerşebanyň çölünde esli wagt entedi.


Abşalom: «Meniň adymy ýatladar ýaly yzymda galjak oglum ýok» diýip, heniz dirikä, Patyşa jülgesinde özi üçin bir sütün dikipdi we oňa öz adyny dakypdy. (Oňa häzir hem Abşalomyň ýadygärligi diýilýär.)


Şeýdip, Ahap iýip-içmäge gitdi. Ylýas pygamber bolsa Karmel dagynyň çür depesine çykyp, iki bükülip, kellesini dyzlarynyň arasynda goýdy.


Uzyýa çölde-de diňler gurup, köp guýulary gazdyrdy. Onuň günbatar baýyrlykda we düzlükde uly mal sürüsi bardy, daglarda we mes toprakly ýerlerde daýhanlary we üzüm bagbanlary bardy. Uzyýa daýhançylyk etmegi söýýärdi.


Onsoň men: „Indi piliştliler Gilgala, meniň üstüme dökülerler. Men bolsa Rebden medet hem dilemedim“ diýip oýlandym we ýakma gurbanlyk bermäge mejbur boldum».


Soňra Şamuwel Gilgaldan benýamin topragyndaky Gibga galasyna gitdi. Şawul öz ýanyndaky adamlary sanady; jemi alty ýüz töweregi adam çykdy.


Dawut irden turup, goýunlary sakça tabşyrdy. Ýyşaýyň tabşyryşy ýaly, azyklary alyp ýola düşdi. Dawut düşelgä gelende, goşun gykylyklap, söweş meýdanyna tarap barýardy.


Magonda bir adam bardy. Onuň mülki Karmeldedi. Ol adam juda baýdy; onuň üç müň goýny, müň geçisi bardy. Ol Karmelde goýunlaryny gyrkdyrýardy.


Şamuwel bir daşy alyp, ony Mispa bilen Şeniň arasynda dikeldip goýdy we «Reb bize şu güne çenli ýardam etdi» diýip, ol şol ýeri Ebenezer diýip atlandyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ