Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 14:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ёнатан өз ярагларыны гөтерйән нөкерине шейле дийди: «Йөр, шол сүннетсизлериң үстүне гидели. Белки, Реб бизиң ишимизи оңуна эдер. Чүнки көпүң элинден я-да азың элинден халас этмәге Реб үчин хич хили кынчылык ёкдур».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 14:6
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gatlylara aýtmaň muny, Aşkelonyň köçelerinde ýaýmaň. Ýogsam piliştlileriň gyzlary joşar, sünnetsizleriň gyzlary heşelle kakar.


Belki, Reb çekýän ezýetimi görüp, şu günki gargyşyň ýerine maňa bähbitlisini eder» diýdi.


Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan ähli sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“».


Asa Zeranyň öňünden çykdy. Olar Mareşadaky Sepata deresinde söweş üçin nyzama düzüldiler.


Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk».


Ýeri suwlaryň üstüne ýazan hem Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Reb şeýle diýýär: «Paýhasly paýhasyna, güýçli güýjüne magtanmasyn, baý baýlygyna öwünmesin.


Şeýle günler geler, teni sünnetli bolup-da, ýüregi sünnetsiz adamlary jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr.


Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz».


Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň, kazyýetde adalaty berkarar ediň. Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder.


Rebbiň emrlerini berjaý edýän ýurduň kiçigöwünlileri, Rebbi agtaryň, dogruçyllygy we pespälligi agtaryň. Belki, Rebbiň gazap gününde gizlenip saklanarsyňyz.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Eger biziň bilen gitseň, Rebbiň bize etjek ýagşylyklaryny seniň bilen paýlaşarys» diýdi.


Her ysraýyl tiresinden müň adamy urşa ýollaň» diýdi.


Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, emma Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi.


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Ysraýyly Gaýasy satmadyk bolsa, Reb olary ele bermedik bolsa, nädip bir duşman olaň müňüsini kowar, iki kişi on müňüsini gaçyrar?


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Şoňa görä-de, Rebbiň şol günki aýdan bu daglyklaryny maňa ber. Ol ýerde anaklaryň ýaşaýandygyny, galalarynyň uludygyny we olaryň berk saklanýandygyny şol gün özüň hem eşidipdiň. Rebbiň aýdyşy ýaly, men olary kowup çykararyn, Reb meniň bilen bile bolar».


Ol özüniň örän suwsaýandygyny duýdy we Rebbe ýüzlenip: «Sen Öz guluňa beýik ýeňiş berdiň; indi bolsa men suwsuzlykdan ölüp, sünnetsiz piliştlileriň eline düşmelimi?» diýdi.


Gaýalaryň demirgazykdakysy Mikmaşa, günortadakysy bolsa Geba tarap bakyp durdy.


Ýaragçy nöker Ýonatana: «Gözel göwnüň, ýör. Men seniň bilen; seniň islegiň – meniň islegim» diýdi.


Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diyip sorady.


Guluň ýolbars-da, aýy-da öldürip gördi. Bu sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, çünki ol diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berdi».


Şu gün Reb seni meniň elime berer we men seni urup, kelläňi keserin. Men bu gün piliştlileriň ählisiniň läşini ýyrtyjy guşlardyr ýabany haýwanlara şam ederin. Şonda tutuş ýer ýüzi Ysraýylda Hudaýyň bardygyny biler.


Şu ähli halk Rebbiň gylyçdyr naýzaly halas etmeýändigini biler, çünki söweş Rebbiňkidir. Ol sizi biziň elimize berer».


Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn». Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ