Soňra Dawut Şawulyň düşelge guran ýerine geldi. Ol Şawulyň öz goşunbaşysy Neriň ogly Abner bilen bir ýerde bile ýatandygyny gördi. Şawul düşelgäniň içinde ýatyrdy, goşun bolsa onuň töwereginde düşelge gurupdy.
Şawul oňa: «Men Ysraýylyň iň kiçi tiresi bolan benýamin tiresinden ahyryn, meniň maşgalamam tirämizde göze görünýän maşgala däl-ä. Näme üçin sen maňa beýle zatlary aýdýaň?» diýip jogap berdi.