Şamuwel oňa: «Näme iş bitirdiň?» diýdi. Şawul oňa şeýle jogap berdi: «Töweregimdäki halk menden çetleşip başlady, sen hem aýdan möhletiňde gelmediň, piliştliler bolsa Mikmaşa ýygnandylar.
Şawul ysraýyllardan üç müň adamy saýlap aldy. Olaryň iki müňüsini ol Mikmaşda we Beýtel daglygynda öz ýanynda saklady; müňüsini bolsa ogly Ýonatan bilen benýamin topragyndaky Gibga galasynda ýerleşdirdi. Galanlaryny bolsa yzlaryna, öýli-öýüne ugratdy.
Ýonatan piliştlileriň Gebadaky goşunyny derbi-dagyn etdi. Bu habar piliştlilere baryp ýetdi. Şawul: «Goý, ýewreýler eşitsinler!» diýip, mundan habardar etmek üçin, ýurduň ähli ýerinde şahdan edilen surnaý çaldyrdy.
Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».