Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi.
Şonuň üçin hem, Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip beren ýerinde ýaşanyňyzda – Hudaýyňyz Reb size ähli duşmanlaryňyzyň elinden parahatçylyk alyp berende, amalekleri hiç kim ýatlamaz ýaly, olaryň adyny asmanyň astyndan ýok edip taşlamagy ýatdan çykarmaň.