Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 14:47 - Mukaddes Kitap

47 Ysraýyla şa bolandan soň, Şawul töweregindäki duşmanlarynyň ählisine: mowap, ammon, edom halklaryna, Soba şalaryna we piliştlilere garşy uruşlar alyp bardy. Baran ýerinde-de, ol ýeňiş gazandy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

47 Ысрайыла ша боландан соң, Шавул төверегиндәки душманларының әхлисине: мовап, аммон, эдом халкларына, Соба шаларына ве пилиштлилере гаршы урушлар алып барды. Баран еринде-де, ол еңиш газанды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 14:47
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gyzlaryň ulusy bir ogul dogurdy we onuň adyna Mowap dakdy. Ol häzirki mowaplaryň nesilbaşysydyr.


Gyzlaryň kiçisi-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Benamy dakdy. Ol häzirki ammonlaryň nesilbaşysydyr.


Bularyň hemmesi Ysawyň, ýagny Edomyň ogullarydyr. Olar urugbaşylardyr.


Ýonatanyň ýaýy sowa geçmezdi öldürilenleriň teninden, Şawulyň gylyjy boş geçmezdi gerçekleriň ýaýyndan.


Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan siriýalylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular.


Şeýdip, Dawut tutuş Ysraýyla patyşalyk edýärdi. Ol tutuş halkyny adyllyk hem hakykat bilen dolandyrýardy.


Soňra Dawut Ýewfrat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezeri boýun egdirdi.


Jenaby Soba patyşasy Hadadgezerden gaçyp giden Elýadanyň ogly Rezony hem Hudaý Süleýmana duşman etdi.


Ýöne Reb Ysraýylyň adyny gökleriň astyndan öçürjek diýip aýtmandy. Reb ysraýyllary Ýehowaşyň ogly Ýarobgam arkaly halas etdi.


Ine, indi size baş bolýan patyşaňyz hem bar. Men indi garradym, saç-sakgalym agardy. Ogullarym hem siziň araňyzda. Men ýaşlygymdan tä şu güne çenli size baş boldum.


Şawul patyşa bolanda otuz ýaşlaryndady. Ol Ysraýyla kyrk iki ýyl patyşalyk etdi.


Şundan soň Şawul piliştlileriň yzyndan kowalamakdan el çekdi; piliştliler öz ýerlerine dolandylar.


Şawul ömürboýy piliştlileriň garşysyna ýowuz uruşlar alyp bardy. Ol nirede gujurly ýa batyr ýigit görse, ony öz ýanyna çekerdi.


Şawulyň çopanlarynyň başlygy edomly Döweg hem bu gün şol ýerdedi. Ol Rebbiň huzurynda dini dessurlary berjaý edýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ