Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 14:45 - Mukaddes Kitap

45 Şondan soň halk: «Ýonatany öldürjekmi? Ysraýyly şu beýik ýeňşe ýetireni öldürmekçimi?! Başa barmaz! Rebden ant içýäris, Ýonatana barmagyňam batyrmarsyň. Çünki bu gün ol Hudaýyň ýardam bermegi bilen söweşdi» diýip, Şawula garşylyk görkezdiler. Şeýdip, halk Ýonatanyň başyny ölümden gutardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

45 Шондан соң халк: «Ёнатаны өлдүрҗекми? Ысрайылы шу бейик еңше етирени өлдүрмекчими?! Баша бармаз! Ребден ант ичйәрис, Ёнатана бармагыңам батырмарсың. Чүнки бу гүн ол Худайың ярдам бермеги билен сөвешди» дийип, Шавула гаршылык гөркездилер. Шейдип, халк Ёнатаның башыны өлүмден гутарды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 14:45
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýal: «Goý, şa hezretleri öz Hudaýy Rebden ant içsin we öldürileniň hossary mundan beýläk adam öldürmesin, meniň oglumam diri galsyn» diýdi. Patyşa: «Rebden ant içýärin, ogluňa barmagyny batyran adam bolmaz» diýdi.


Süleýman şeýle jogap gaýtardy: «Eger ol özüni laýyk alyp barsa, onuň ýekeje gylam gymyldamaz, eger-de ondan bir pislik tapylaýsa, onda ol öler».


Rebbiň ähli işlerinde baş ruhany Amarýa, patyşanyň ähli işleri üçin Ýahuda tiresiniň baştutany Ysmaýylyň ogly Zebadýa siziň üstüňizden garaýandyr, lewiler hem öňüňizde gözegçi bolarlar. Işde batyr boluň! Reb ýagşylar bilen bolsun!»


Şonuň üçinem Sen olary duşmanlarynyň eline berdiň. Duşmanlary olara ezýet berdiler. Horluk çekýärkäler, olar Saňa nalyş etdiler. Sen olaryň nalasyny gökden eşitdiň. Beýik rehimdarlygyň bilen ysraýyllary duşman elinden halas eder ýaly halasgärler berdiň.


Özüme bagyş edilenlere buýruk berdim, urşujylarymy, şanyma guwanýanlarymy gazabymy dökdürtmek üçin çagyrdym.


Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr.


Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler.


Onsoň hemmeler dymyp, Pawlus bilen Barnaby diňlediler. Olar Hudaýyň özleri arkaly keseki milletlere görkezen beýik alamatlaryny we mugjyzalaryny gürrüň berdiler.


Pawlus olar bilen salamlaşandan soň, öz hyzmaty arkaly Hudaýyň keseki milletleriň arasynda eden işlerini birin-birin gürrüň berdi.


Şonuň üçin sizden haýyş edýärin, naharlanyň. Bu siziň diri galmagyňyz üçin gerekdir. Hiç biriňiziň saçyňyzyň ýeke tary-da kemelmez» diýdi.


Hawa, muny batyrgaýlyk bilen diýýärin, sebäbi başga milletleriň Hudaýa tabyn bolmagy üçin, Isa Mesihiň özüm arkaly eden işleri barada aýdýandyryn. Ol muny sözde we işde,


Çünki biz Hudaýyň işdeşidiris; siz Hudaýyň ekini, Onuň ymaratysyňyz.


Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň.


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


Nepis, ap-ak we tämiz zygyra beslenen gökdäki goşun ak atlara atlanyp, Onuň yzyndan gelýärdi.


Emma Şawul halka: «Bu gün hiç kim öldürilmez, çünki bu gün Ysraýyly Reb halas etdi» diýdi.


Şeýdip, ol gün Reb Ysraýyla ýeňiş getirdi. Söweş Beýtawene geçdi we Şawulyň ýanyndaky goşun hemmesi bile on müň adama golaýdy. Söweş Efraýym daglygyna ýaýrady.


Şundan soň Şawul piliştlileriň yzyndan kowalamakdan el çekdi; piliştliler öz ýerlerine dolandylar.


Ol janyny howp astyna salyp, Jalut piliştli bilen söweşdi. Şonda Reb tutuş Ysraýyla beýik ýeňiş getirdi. Sen bu işleri görüp hoşal bolduň. Şu zatlardan soň nädip sen Dawuda ýamanlyk etjek? Ol bigünä ahyryn. Ony öldürmäge esas ýok».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ