Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 14:44 - Mukaddes Kitap

44 Şawul Ýonatana: «Eger men seni öldürmesem, onda Hudaý meniň özümi öldürer, hatda ondan beterini görkezer» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

44 Шавул Ёнатана: «Эгер мен сени өлдүрмесем, онда Худай мениң өзүми өлдүрер, хатда ондан бетерини гөркезер» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 14:44
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Üç aýa golaý wagt geçenden soň, oňa: «Gelniň Tamar loluçylyga ýüz urup, göwreli bolupdyr» diýip habar berdiler. Ýahuda: «Ony daşary çykaryň-da, ýakyň» diýdi.


Galanyň halkyny bolsa Dawut galadan göçürip byçgy, demir kätmen hem-de palta bilen işlenilýän işlere ýa-da kerpiç işlerine goýdy. Ol ammonlaryň ähli galalarynda şeýle edenden soň, ähli goşun bilen bile Iýerusalime dolandy.


Baýa juda gahary gelip, Dawut Natana: «Rebden ant içýärin, bu adamyň başy ölümlidir.


Emasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin».


Reb Şawulyň elinden patyşalygy aljakdygyna, Dandan Beýerşeba çenli uzalýan Ysraýylda hem Ýahudada Dawudyň patyşalygyny berkarar etjekdigine ant içdi. Indi ol hakda aýdylany ýerine ýetirmesem, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondanam beterini görkezsin».


Ol gyzyny görende, ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym, sen meniň bagtymy garaltdyň! Indi sen hem meni ynjalykdan gaçyrdyň! Çünki men Rebbiň öňünde öz agzym bilen kasam etdim, indi nädip ondan boýun gaçyraýyn» diýdi.


Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi.


Ysraýyly halas edýän Rebden ant içýärin, öz oglum Ýonatan günäkär bolsa-da, ol ölmelidir». Emma tutuş halkyň içinden hiç kim oňa jogap bermedi.


Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin».


Eliý Şamuwele: «Ol saňa näme diýdi? Menden ýaşyrma. Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizläýseň, goý, Hudaý saňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ