Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 14:36 - Mukaddes Kitap

36 Soňra Şawul: «Şu gije piliştlileriň üstüne çozalyň-da, daňa çenli olaryň mallaryny talalyň. Olaryň biri-de biziň elimizden aman sypmasyn» diýdi. Adamlary oňa: «Gözel göwnüň» diýdiler. Emma ruhany: «Geliň, ilki Hudaýa sala salalyň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Соңра Шавул: «Шу гиҗе пилиштлилериң үстүне чозалың-да, даңа ченли оларың малларыны талалың. Оларың бири-де бизиң элимизден аман сыпмасын» дийди. Адамлары оңа: «Гөзел гөвнүң» дийдилер. Эмма руханы: «Гелиң, илки Худая сала салалың» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 14:36
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar her gün Meni agtarýarlar, lezzet alýarmyşlar ýollarymy bilmekden, dogry iş edip, Hudaýyň hökümlerini terk etmedik millet kimin Menden adyl höküm soraýarlar, Hudaýa ýakynlaşmagy arzuw edýärler.


Turuň, gije çozalyň, galalaryny weýran edeliň!»


Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.


Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».


Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý, günäkärler, eliňizi günäden tämizläň. Eý, ikigöwünliler, kalbyňyzy päkläň.


Emma siziň özüňiz ol ýerde galmaly dälsiňiz. Duşmanlaryňyzyň yzyndan kowup, arkadan gelip, olary ýok ediň. Galalaryna girmäge olara ýol bermäň, çünki Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berdi».


Galadaky olja alnan ähli zatlary we mal-garalary özlerine aldylar. Ilatyny bolsa iň soňkusyna çenli gylyçdan geçirip gyrdylar, ýekejesini hem diri galdyrmadylar.


Elkana oňa: «Bolýar, gözel göwnüň, çagaň süýtden aýrylýança garaşaý. Goý, Reb seniň wadaňy amala aşyrsyn!» diýdi. Şunlukda, Hanna öýde galyp, çagany süýtden aýyrýança, oňa seretdi.


Daňyň ümüş-tamşynda Şawul adamlary üç topara böldi. Daň agaranda olar ammonlaryň düşelgesine aralaşdylar we Gün günortan bolýança, olary ýer bilen ýegsan etdiler. Diri galanlar dyr-pytrak bolup gaçdylar.


Efot geýnip gezýän Ahyýa hem şu ýerdedi. Ol Ikabodyň dogany bolan Ahytubyň ogludy. Ikabot Pinehasyň ogly, Rebbiň Şilodaky ruhanysy Eliýiň agtygydy. Ýonatanyň gidenini häzir hiç kim bilmeýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ