Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 14:32 - Mukaddes Kitap

32 Ahyry, halaýyk ele salnan oljalaryň üstüne çozdy. Olar goýunlaryň, öküzlerdir sygyrlaryň damagyny çalyp, ganyny akdyrman, olaryň etini gany bilen bile bişirip iýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Ахыры, халайык эле салнан олҗаларың үстүне чозды. Олар гоюнларың, өкүзлердир сыгырларың дамагыны чалып, ганыны акдырман, оларың этини ганы билен биле биширип ийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 14:32
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr.


Şonuň üçin olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz eti gany bilen iýýärsiňiz, gözleriňizi butlaryňyza dikýärsiňiz, gan dökýärsiňiz; onsoň ýurdy siz miras alarmysyňyz?


Hiç bir eti gany bilen iýmäň. Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň.


Siz nirede ýaşasaňyz-da, etiň ýagyny we ganyny iýmäň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun“».


Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“.


butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».


Emma siz ol maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň.


Näme üçin sen Rebbiň sözüne gulak asmadyň? Näme üçin sen olja kowalaşyp, Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiň?»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ