Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 14:23 - Mukaddes Kitap

23 Şeýdip, ol gün Reb Ysraýyla ýeňiş getirdi. Söweş Beýtawene geçdi we Şawulyň ýanyndaky goşun hemmesi bile on müň adama golaýdy. Söweş Efraýym daglygyna ýaýrady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Шейдип, ол гүн Реб Ысрайыла еңиш гетирди. Сөвеш Бейтавене гечди ве Шавулың янындакы гошун хеммеси биле он мүң адама голайды. Сөвеш Эфрайым даглыгына яйрады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 14:23
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne Reb Ysraýylyň adyny gökleriň astyndan öçürjek diýip aýtmandy. Reb ysraýyllary Ýehowaşyň ogly Ýarobgam arkaly halas etdi.


ýöne Elgazar bilen Dawut meýdançanyň ortarasynda durup, şol ýeri goradylar we piliştlileri gyrdylar. Reb olary uly ýeňiş bilen halas etdi.


Şeýdip, Reb Hizkiýany hem Iýerusalim ilatyny Aşur patyşasy Sanheribiň we ähli duşmanlarynyň elinden halas edip, olary dumly-duşdan gorady.


Şeýlelikde, Reb şol gün ysraýyllary müsürlileriň elinden halas etdi. Ysraýyllar deňziň kenarynda ölüp ýatan müsürlileri gördüler.


Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».


Çünki duşmanlaryňyzyň garşysyna söweşip, siziň ýeňiş gazanmagyňyz üçin, Hudaýyňyz Reb urşa siziň bilen bile gider“.


Ýeşuwa Ýerihodan birnäçe adamy Aý galasyna içalylyk etmek üçin iberdi. Aý galasy Beýteliň gündogar tarapynda, Beýtaweniň ýanynda ýerleşýärdi. Iberilen adamlar Aý galasyna gitdiler we ol ýerleri gowy gözden geçirdiler.


Reb olar üçin ýolbaşçy serdary çykaranda, Reb serdar bilen bile bolardy, serdaryň ähli ýaşan ömründe, Reb ysraýyllary duşmanlarynyň elinden halas ederdi. Çünki olar sütemiň we zulumyň goly astynda bolanlarynda, Reb olara rehim ederdi.


Emma bu günki gün özüňizi zulumdan we jebir-jepadan alyp çykan Hudaýyňyzy siz ret etdiňiz. Siz: „Ýok, bize patyşa belle“ diýdiňiz. Indi tireme-tire, urugma-urug Rebbiň huzurynda hatara düzüliň».


Üç müň söweş arabaly, alty müň söweş arabaly esgerleri we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular.


«Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen onuň başyna ýag guýup, ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdar bellärsiň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ