Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 14:20 - Mukaddes Kitap

20 Soňra Şawul we onuň adamlary toplanyşyp gitdiler-de, piliştliler bilen garpyşdylar. Çendenaşa aljyraňňylyga düşen piliştliler biri-birlerine gylyç salýardylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Соңра Шавул ве онуң адамлары топланышып гитдилер-де, пилиштлилер билен гарпышдылар. Ченденаша алҗыраңңылыга дүшен пилиштлилер бири-бирлерине гылыч салярдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 14:20
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyl patyşasy Ahabyň baştutanlygyndaky ysraýyl goşuny ýörişe çykyp, siriýalylaryň atly goşunynyň we söweş arabalarynyň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi.


Çünki ammonlylar we mowaplylar Segir dagynyň ilatyna hüjüm edip, olary bütinleý ýok edipdiler. Segir dagynyň ilatynyň soňuna çykandan soň, ammonlylar we mowaplylar biri-birlerini gyrmaga başladylar.


«Müsürlileri biri-birine garşy öjükdirerin, dogan doganyň garşysyna, goňşy goňşusynyň garşysyna, şäher şäheriň garşysyna, patyşalyk patyşalygyň garşysyna urşar.


Ähli daglarymda gylyjy Goguň üstüne çozmaga çagyraryn Hökmürowan Reb diýýär her adamyň gylyjy öz doganyna garşy bolar.


Üç ýüz adamyň surnaý çalan wagtyndan başlap, Rebbiň emri bilen düşelgedäki midýanlar biri-birini gylyçlap öldürdiler. Midýanlaryň goşuny Serera tarap Beýtşitta çenli, Tabadyň golaýyndaky Abelmeholanyň serhedine gaçdy.


Şawulyň benýamin topragyndaky Gibga galasynda goýan gözegçileri piliştlileriň düşelgesinde turan başagaýlygy gördüler.


«Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen onuň başyna ýag guýup, ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdar bellärsiň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ