Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 14:19 - Mukaddes Kitap

19 Şawulyň ruhany bilen gepleşip duran wagtyna çenli piliştlileriň düşelgesinde dowam edýän başagaýlyk ýetjek derejesine ýetipdi. Şoňa görä Şawul ruhana: «Äht sandygyndan eliňi aýyr» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Шавулың руханы билен геплешип дуран вагтына ченли пилиштлилериң дүшелгесинде довам эдйән башагайлык етҗек дереҗесине етипди. Шоңа гөрә Шавул рухана: «Әхт сандыгындан элиңи айыр» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 14:19
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.


Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».


Şeýdip, ysraýyllar olaryň çöreklerinden dadyp gördüler, ýöne bu hakda Rebden maslahat soramadylar.


Şamuwel oňa: «Näme iş bitirdiň?» diýdi. Şawul oňa şeýle jogap berdi: «Töweregimdäki halk menden çetleşip başlady, sen hem aýdan möhletiňde gelmediň, piliştliler bolsa Mikmaşa ýygnandylar.


Soňra Şawul we onuň adamlary toplanyşyp gitdiler-de, piliştliler bilen garpyşdylar. Çendenaşa aljyraňňylyga düşen piliştliler biri-birlerine gylyç salýardylar.


Ol gün ysraýyllarda ysgyn-mydar galmandy, çünki Şawul: «Agşama çenli, men tä duşmanlarymdan arymy alýançam, duz dadana nälet bolsun» diýip, adamlara ant içiripdi. Şonuň üçin hem goşundan bir adam hem duz datmandy.


Ol Ahymelegiň ogly ruhany Abýatara: «Efody getir» diýdi. Abýatar efody Dawudyň ýanyna getirdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ