Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 14:1 - Mukaddes Kitap

1 Bir gün Şawulyň ogly Ýonatan öz ýaragyny göterýän nökerine: «Ýör, ol tarapdaky piliştlileriň öňdäki bölüminiň üstüne gideli» diýdi. Ýöne ol muny kakasy Şawula aýtmady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Бир гүн Шавулың оглы Ёнатан өз ярагыны гөтерйән нөкерине: «Йөр, ол тарапдакы пилиштлилериң өңдәки бөлүминиң үстүне гидели» дийди. Йөне ол муны какасы Шавула айтмады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 14:1
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dostuňa ynanma, gardaşyňa bil baglama, gujagyňda ýatýan aýalyňyň ýanynda agzyňa bek bol.


Şimşona uly güýç bilen Rebbiň Ruhy indi, ol ýolbarsy edil bir owlajygy bölekleýän ýaly edip, düýt-müýt etdi; onuň elinde hiç zat ýokdy. Ol bu eden işini ejesine-kakasyna aýtmady.


Ol baldan goşawujyny dolduryp, ýolboýy ýalap iýip gitdi, ejesiniň we kakasynyň ýanyna gelende olara-da berdi. Olar hem iýdiler, emma baly ýolbarsyň maslygyndan alandygyny Şimşon olara aýtmady.


Gidegon özüniň adamlaryndan onusyny ýanyna alyp geldi-de, Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirdi. Atasynyň öýündäkileriniň hem-de galanyň ilatynyň görerinden gorkup, Gidegon bu işi gije etdi.


Şawul ysraýyllardan üç müň adamy saýlap aldy. Olaryň iki müňüsini ol Mikmaşda we Beýtel daglygynda öz ýanynda saklady; müňüsini bolsa ogly Ýonatan bilen benýamin topragyndaky Gibga galasynda ýerleşdirdi. Galanlaryny bolsa yzlaryna, öýli-öýüne ugratdy.


Şol sebäpli uruş wagtynda Şawul bilen Ýonatanyň adamlarynyň elinde ne gylyç, ne-de naýza bardy. Bu ýaraglar diňe Şawul bilen onuň ogly Ýonatanda bardy.


Şol arada piliştli goşunyň öňdäki bölümi Mikmaş geçelgesine gitdi.


Şawul şol wagt Gibganyň golaýynda ýerleşýän Migrondaky nar agajynyň aşagynda otyrdy. Onuň ýanyndaky goşunyň jemi alty ýüz adama golaýdy.


Ol hyzmatkärlerine: «Öňüme düşüň, men siziň yzyňyzdan ýörejek» diýdi. Ýöne ol adamsy Nabala hiç zat aýtmady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ