Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 13:7 - Mukaddes Kitap

7 Birnäçe ýewreý bolsa Iordan derýasyndan geçip, Gat hem-de Gilgat topragyna aralaşdy. Şawul heniz Gilgaldady we onuň ýanyndaky goşun gorkudan ýaňa sandyraşýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Бирнәче еврей болса Иордан дерясындан гечип, Гат хем-де Гилгат топрагына аралашды. Шавул хениз Гилгалдады ве онуң янындакы гошун горкудан яңа сандырашярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 13:7
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, dowla düşüp gaçarsyňyz.


Baştutanlar sözlerini dowam etdirip: „Araňyzda gorkýanyňyz ýa-da towşan ýürekliňiz bar bolsa, goý, ol hem öýüne gaýtsyn, ýogsam ol ýoldaşlaryny-da özi ýaly towşan ýürek eder“ diýsinler.


Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapa gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar.


«Men şol wagtky basyp alan ýerimizi paýladym. Men ruben we gat tirelerine Arnon jülgesiniň çetindäki Arogeriň demirgazygyny, şeýle hem Gilgat daglygynyň ýarysyny onuň galalary bilen bile berdim.


Gilgat, Geşur, Magakat topragy, tutuş Hermon dagy we bütin Başandan tä Salka çenli bolan ýerler;


Rebbiň guly Musanyň rubenlere, gatlara we manaşa tiresiniň ýarysyna Iordan derýasynyň gündogaryndan beren mülk ýerleri şulardyr:


Sen halka eşitdirip: „Kim gorkak we ýygra bolsa, Gilgat daglaryndan yzyna dolansyn“ diýip jar et» diýdi. Gidegon olary synagdan geçirdi. Ýigrimi iki müň adam yzyna gaýtdy. On müň adam şol ýerde galdy.


Şamuweliň bellän möhletine görä, Şawul ýedi gün garaşdy, emma Şamuwel Gilgala gelmedi. Şawulyň ýanyndaky halk ondan çetleşip başlady.


Piliştliniň bu sözlerini eşidende, Şawuly we ähli ysraýyllary aljyraňňylyk hem gorky gaplap aldy.


Ysraýylyň ýeňlip gaçandygyny, Şawulyň hem onuň ogullarynyň ölendigini görüp, jülgäniň beýleki tarapynda we Iordan derýasynyň aňyrsynda ýaşaýan ysraýyllar öz galalaryny taşlap gaçdylar; piliştliler gelip, olary eýelediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ