Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 13:6 - Mukaddes Kitap

6 Ysraýyllar çykgynsyz ýagdaýa düşendiklerini görenlerinde (çünki olaryň goşunlary gowy gysaja salnypdy), olaryň käsi gowaklarda, çukurlarda, gaýalarda, mazarlarda we gurruk guýularda gizlendiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ысрайыллар чыкгынсыз ягдая дүшендиклерини гөренлеринде (чүнки оларың гошунлары говы гысаҗа салныпды), оларың кәси говакларда, чукурларда, гаяларда, мазарларда ве гуррук гуюларда гизлендилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 13:6
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Gada: «Men erbet ýagdaýa düşdüm. Gowusy, Rebbiň eline düşeýin, ynsan eline düşmäýin. Rebbiň rehimdarlygy beýikdir» diýdi.


Emma bu dagan, talanan halkdyr. Ählisi gowaklarda duzaga düşen, Tussaghanalarda gizlenen; olar olja boldular, halas edýän ýok. Talandylar, «Yzyna gaýtar!» diýýän ýok.


Ysmaýyl öldüren adamlarynyň jesetleriniň baryny gurruk guýa taşlady. Muny öň Asa patyşasy Ysraýyl patyşasy Bagşadan goranmak üçin gazdyrypdy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl ony adam jesedinden doldurdy.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Öz barlygymdan ant içýärin, harabalykdakylar gylyçdan heläk bolarlar; çöldäkileri ýyrtyjy haýwanlara şam ederin; galadakylar we gowakdakylar bolsa mergiden ölerler.


Men iki dagyň arasynda galdym: men dünýäden ötüp, Mesihiň ýanynda bolmak isleýärin. Bu juda ýagşydyr;


Dünýä olara laýyk däldi. Olar çöllerde, daglarda entediler, gowaklarda, köweklerde gizlendiler.


Aý galasynyň adamlary yzlaryna seredende, galanyň tüssesiniň al-asmana galandygyny gördüler. Olaryň aňry hem, bäri hem gaçara ýeri ýokdy. Sebäbi çöle gaçyp barýan ysraýyllar hem kowguçylara garşy öwrülipdiler.


Iň soňunda ýahuda, benýamin we efraýym tireleri bilen uruşmak üçin ammonlylar Iordandan geçdiler. Ysraýyllar uly gaýgy-alada galdylar.


Ysraýyllar yzlaryna dolandylar, benýaminler özleriniň betbagtlyga uçrandyklaryny görüp, yzlaryna gaýtmaga gorkdular.


Ysraýyllar midýanlaryň golastynda galdylar. Midýanlaryň berýän köp jebir-sütemi sebäpli ysraýyllar daglaryň gowaklarynda we başga-da sümelgelerde özlerine gizlenmäge bukular gurdular.


Soňra Şamuwel Gilgaldan benýamin topragyndaky Gibga galasyna gitdi. Şawul öz ýanyndaky adamlary sanady; jemi alty ýüz töweregi adam çykdy.


Şeýdip, olaryň ikisi-de piliştlilere göründiler. Piliştliler olary görüp: «Serediň! Ýewreýler gizlenen garymlaryndan çykyp başladylar» diýip seslendiler.


Piliştlileriň gaçanyny eşidip, Efraýym daglygynda gizlenen ysraýyllar hem söweş meýdanynda olaryň söbügine mündüler.


Soňra birnäçe zipliler Gibga gidip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda – Horeşiň gowaklarynda, Ýeşimonyň günortasyndaky Hakyla dagynda gizlenip gezip ýör.


Şawul tutuş Ysraýylyň saýlama adamlaryndan üç müňüsini ýanyna alyp, Dawudy hem onuň adamlaryny idäp, Daggeçi gaýasyna tarap ýola düşdi.


Ysraýylyň ýeňlip gaçandygyny, Şawulyň hem onuň ogullarynyň ölendigini görüp, jülgäniň beýleki tarapynda we Iordan derýasynyň aňyrsynda ýaşaýan ysraýyllar öz galalaryny taşlap gaçdylar; piliştliler gelip, olary eýelediler.


Ysraýyllaryň Mispada toplanyşandygyny eşiden piliştli hanlar olara garşy baş göterdiler. Ysraýyllar muny eşidip, howsala düşdüler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ