Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 13:5 - Mukaddes Kitap

5 Üç müň söweş arabaly, alty müň söweş arabaly esgerleri we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Үч мүң сөвеш арабалы, алты мүң сөвеш арабалы эсгерлери ве сансыз-саҗаксыз гошун болуп, Ысрайыл билен урушмак үчин, пилиштлилер башларыны җемледилер. Бейтавениң гүндогарындакы Микмаша барып, олар ол ерде өзлерине харбы дүшелге гурдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 13:5
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.


Şoňa görä meniň maslahatym şeýle: Dandan Beýerşeba çenli ähli ysraýyllar deňiz kenarynyň çägeleriçe köplükde seniň ýanyňa toplansyn. Söweşde olara özüň baştutanlyk et.


Ysraýyl goşuny toplanyp, azyk bilen üpjün edilenden soň, olar siriýalylaryň garşysyna çykdylar. Ysraýyllar olaryň garşysynda iki hatar kiçi geçi sürüsi kimin nyzama durdular. Siriýalylaryň goşuny bolsa tutuş düzlügi doldurdy.


Ýa Hudaýymyz Reb, goý, indi kakam Dawuda beren wadaň amala aşsyn, çünki Sen meni ýeriň tozy ýaly san-sajaksyz bolan bir halkyň üstünden patyşa etdiň.


Aýat şäherine gelýärler olar, Migrondan geçýärler, Mikmaşda ýüklerini goýýarlar.


Perzentleriňiz çäge deý, nesilleriňiz çäge ownuklary deý bolardy; atlary huzurymdan aýrylmaz, ýok edilmez».


Olaryň dul aýallaryny deňiz çägesinden-de köpelderin. Ýigitleriň hem ejeleriniň üstüne günorta çagy heläkleýji ibererin. Ejelerini duýdansyz gorky we howp astyna salaryn.


Samariýada ýaşaýanlar Beýtaweniň gölesi üçin gorkýarlar. Ilaty onuň üçin ýas tutar. Onuň şöhraty bilen joşan butparaz ruhanylar aglaýarlar. Çünki şöhraty ondan gitdi.


Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de, Ýahuda bir günäli bolmasyn. Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň. „Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň.


Gibgada şah çal, Ramada surnaý. Beýtawende söweş tebilini uruň. „Biz siziň arkaňyzda, Benýamin“ diýip, Beýtawende jar çekiň.


Işaýa pygamber hem Ysraýyl barada şuny jar etdi: «Ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, diňe birnäçesi halas bolarlar.


Bu hanlar ähli goşunlary bilen geldiler, olaryň atlarynyň we söweş arabalarynyň sany juda köpdi. Olaryň sany edil deňiz kenaryndaky çäge ýaly köpdi, ägirt uly goşundy.


Olaryň araçäginiň demirgazyk tarapy Iordan derýasyndan başlanýar, soň araçäk demirgazykda Ýeriho gerşine çykyp, daglyklaryň üsti bilen günbatar tarapa öwrülip, Beýtawen çöllüginde gutarýar.


Ýeşuwa Ýerihodan birnäçe adamy Aý galasyna içalylyk etmek üçin iberdi. Aý galasy Beýteliň gündogar tarapynda, Beýtaweniň ýanynda ýerleşýärdi. Iberilen adamlar Aý galasyna gitdiler we ol ýerleri gowy gözden geçirdiler.


Midýanlardyr amalekler we gündogar halklaryň hemmesi jülgäniň boýuna edil çekirtge üýşen ýalydy. Düýeleri şeýle bir köpdi, olar edil deňiz ýakasyndaky çäge deý sansyz-sajaksyzdy.


Şamuwel oňa: «Näme iş bitirdiň?» diýdi. Şawul oňa şeýle jogap berdi: «Töweregimdäki halk menden çetleşip başlady, sen hem aýdan möhletiňde gelmediň, piliştliler bolsa Mikmaşa ýygnandylar.


Şawul ysraýyllardan üç müň adamy saýlap aldy. Olaryň iki müňüsini ol Mikmaşda we Beýtel daglygynda öz ýanynda saklady; müňüsini bolsa ogly Ýonatan bilen benýamin topragyndaky Gibga galasynda ýerleşdirdi. Galanlaryny bolsa yzlaryna, öýli-öýüne ugratdy.


Şeýdip, ol gün Reb Ysraýyla ýeňiş getirdi. Söweş Beýtawene geçdi we Şawulyň ýanyndaky goşun hemmesi bile on müň adama golaýdy. Söweş Efraýym daglygyna ýaýrady.


Şawul ömürboýy piliştlileriň garşysyna ýowuz uruşlar alyp bardy. Ol nirede gujurly ýa batyr ýigit görse, ony öz ýanyna çekerdi.


Uruşmak üçin goşunlaryny jemlän piliştliler Ýahudanyň Soko galasyna toplandylar we Soko bilen Azekanyň aralygyndaky Epesdammym galasynda düşelge gurdular.


Şeýlelikde, piliştliler boýun egdirildi we şondan soň gaýdyp olar ysraýyl topragyna aýak sekmediler. Tä Şamuwel dünýäden ötýänçä, Rebbiň goly piliştlileriň garşysyna boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ