Üç müň söweş arabaly, alty müň söweş arabaly esgerleri we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular.
Bir gün Şawulyň ogly Ýonatan öz ýaragyny göterýän nökerine: «Ýör, ol tarapdaky piliştlileriň öňdäki bölüminiň üstüne gideli» diýdi. Ýöne ol muny kakasy Şawula aýtmady.