Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 13:2 - Mukaddes Kitap

2 Şawul ysraýyllardan üç müň adamy saýlap aldy. Olaryň iki müňüsini ol Mikmaşda we Beýtel daglygynda öz ýanynda saklady; müňüsini bolsa ogly Ýonatan bilen benýamin topragyndaky Gibga galasynda ýerleşdirdi. Galanlaryny bolsa yzlaryna, öýli-öýüne ugratdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Шавул ысрайыллардан үч мүң адамы сайлап алды. Оларың ики мүңүсини ол Микмашда ве Бейтел даглыгында өз янында саклады; мүңүсини болса оглы Ёнатан билен бенямин топрагындакы Гибга галасында ерлешдирди. Галанларыны болса ызларына, өйли-өйүне угратды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 13:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»


netopaly Bagananyň ogly Helep, benýaminlerden gibgaly Ribaýyň ogly Ytaý,


Mikmaşyň halky bir ýüz ýigrimi iki;


Benýamin ogullary, Gebada, Mikmaşda, Aýada, Beýtelde, golaýdaky obalarda,


Sela, Haýelep, Ýabus galasy (bu – Iýerusalim), Gibga we Kirýatýegarym – obalary bilen bile on dört gala. Bu benýamin tiresiniň öz uruglaryna görä alan mülk ýeridir.


Soňra ak pata berip, Ýeşuwa olary ugratdy we olar öz öýlerine gaýtdylar.


Hojaýyny oňa: «Ýok, biz Ysraýyla degişli bolmadyk bir kesekileriň galasyna barmarys, Gibga gideris.


Şawul-da Gibgadaky öz öýüne gitdi; Hudaý tarapyn ýüreklerine mertlik salnan esgerler oňa ýoldaş boldular.


Ondan gidip, Gibgadaky Hudaýyň baýryna bararsyň. Ol ýerde piliştlileriň bir bölek goşuny bardyr. Gala giren ýeriňde, seždegähden inip gelýän pygamberler toparyna duşarsyň. Olar öňlerinde arfa, deprek, tüýdük we lira çaldyryp, joşup, pygamberlik edip gelýändirler.


Şawul patyşa bolanda otuz ýaşlaryndady. Ol Ysraýyla kyrk iki ýyl patyşalyk etdi.


Şamuwel oňa: «Näme iş bitirdiň?» diýdi. Şawul oňa şeýle jogap berdi: «Töweregimdäki halk menden çetleşip başlady, sen hem aýdan möhletiňde gelmediň, piliştliler bolsa Mikmaşa ýygnandylar.


Soňra Şamuwel Gilgaldan benýamin topragyndaky Gibga galasyna gitdi. Şawul öz ýanyndaky adamlary sanady; jemi alty ýüz töweregi adam çykdy.


Şawul, onuň ogly Ýonatan we olaryň ýanyndakylaryň ählisi benýamin topragyndaky Gebada galdy. Piliştliler bolsa Mikmaşda düşelge gurupdylar.


Şol arada piliştli goşunyň öňdäki bölümi Mikmaş geçelgesine gitdi.


Üç müň söweş arabaly, alty müň söweş arabaly esgerleri we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular.


Mikmaşdan Aýalona çenli bolan aralykda şol gün ysraýyllar piliştlilere zarba urdular. Halkda ysgyn-mydar galmandy.


Gaýalaryň demirgazykdakysy Mikmaşa, günortadakysy bolsa Geba tarap bakyp durdy.


Şawul ömürboýy piliştlileriň garşysyna ýowuz uruşlar alyp bardy. Ol nirede gujurly ýa batyr ýigit görse, ony öz ýanyna çekerdi.


Soňra Şamuwel Rama, Şawul bolsa öz Gibgadaky öýüne gitdi.


Şawul tutuş Ysraýylyň saýlama adamlaryndan üç müňüsini ýanyna alyp, Dawudy hem onuň adamlaryny idäp, Daggeçi gaýasyna tarap ýola düşdi.


Şawul Ysraýylyň üç müň sany men diýen adamyny ýanyna alyp, Zip çölüne Dawudy tutmaga gitdi.


Ol bulara şeýle diýdi: «Siziň üstüňizden höküm sürjek patyşa ogullaryňyzy goşunda gulluk etmäge mejbur eder: olaryň käbirleri söweş arabalarynyň sürer, käbirleri bolsa şanyň söweş arabalaryň öňünden ylgar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ