Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 12:3 - Mukaddes Kitap

3 Ine, men. Rebbiň we Onuň seçip-saýlanynyň huzurynda men barada şaýatlyk ediň: heý, men biriňiziň öküziňizi ýa eşegiňizi aldymmy? Heý, biriňize al saldymmy ýa biriňizi ynjytdymmy? Ýa biriňizden para alyp, onuň etmişine göz ýumdummy? Eger şeýle bolsa, meniň garşyma şaýatlyk ediň, men olary size gaýtaryp bereýin».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Ине, мен. Реббиң ве Онуң сечип-сайланының хузурында мен барада шаятлык эдиң: хей, мен бириңизиң өкүзиңизи я эшегиңизи алдыммы? Хей, бириңизе ал салдыммы я бириңизи ынҗытдыммы? Я бириңизден пара алып, онуң этмишине гөз юмдуммы? Эгер шейле болса, мениң гаршыма шаятлык эдиң, мен олары сизе гайтарып берейин».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 12:3
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki men Rebbiň ýollaryndan ýöredim, Hudaýymdan aýrylmak ýaly erbet işi etmedim.


Şu günüň özünde olaryň ekin ýerlerini, üzümçiligini, zeýtun baglaryny, öýlerini, puldan, bugdaýdan, şerapdan we ýagdan alan göterimiňizi olara yzyna gaýdyp beriň.


Reb meniň mirasym hem-de nesibäm, Onuň elindedir meniň ykbalym.


Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme».


Para almaň, çünki para akyldarlaryň gözüni kör eder, dogrynyň işini ters eder.


Nebsine çapýan öýüne alada getirýär, parany ýigrenýän bolsa uzak ýaşaýar.


ýa-da ýalandan ant içen islendik zadyny bütinligine we onuň bäşden bir gymmatyny-da üstüne goşup, öz ýazygyny bilen badyna, ony eýesine gaýtaryp bersin.


Musanyň muňa gaty gahary gelip, Rebbe: «Olaryň sadakalaryny kabul etme, men olaryň hiç biriniň göwnüne degmändim, hatda olardan ýekeje eşek-de almandym» diýdi.


Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olara: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.


Zakkaý bolsa ýerinden turup, Reb Isa: «Eý, Agam! Indi men baýlygymyň ýarysyny garyplara berjek. Kimiň zadyny nähak alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp berjekdirin» diýdi.


Men hiç kimiň puluna ýa-da egin-eşigine göz dikmedim.


Ine, ýanyňyza gitmek üçin üçünji gezek ýol şaýymy tutýaryn. Men size agram salmaryn, sebäbi men zadyňyza däl-de, didaryňyza zardyryn. Galyberse-de, çagalar ene-atalary üçin däl-de, ene-ata çagalary üçin emläk toplamalydyr.


Adalatsyzlyk, tarapgöýlik etmäň, para almaň. Para danalygyň gözüni kör eder we dogrynyň işini ters eder.


Siz imanlylar babatda biziň ahlak taýdan päk, dogruçyl we hiç bir aýypsyz bolandygymyza özüňiz şaýatsyňyz. Muňa Hudaý-da şaýatdyr.


Bilşiňiz ýaly, biz size ýaranjaňlyk etmedik, öz bähbidimizi aramadyk. Hudaý muňa şaýatdyr.


çopanlaryň öz sürüsine seredişi ýaly, siz hem Hudaýyň özüňize ynananlary barada alada ediň. Muny mejbury däl-de, meýletinlik bilen ediň. Olara betnebislik bilen däl-de, uly höwes bilen gözegçilik ediň.


Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi.


Olar: «Sen bize al hem salmadyň, bizi ezmediňem, hiç zadymyza el-de urmadyň» diýdiler.


Soňra Şamuwel olara: «Menden hiç hili nogsanlyk tapmandygyňyza bu gün Reb-de, Onuň seçip-saýlany hem şaýatdyr» diýdi. Halk: «Hawa, Ol şaýat» diýdi.


Men Özüme göwnümden turjak we pisindim oturjak işleri etjek wepadar bir ruhany saýlaryn. Men onuň neslini ebedileşdirerin, ol ömürbaky Meniň seçip-saýlan patyşamyň huzurynda gezer.


Şu gün gowagyň içinde Rebbiň özüňi meniň elime berendigini öz gözleriň bilen gördüň. Seni öldürmegi talap edenlerinde-de, men saňa rehim etdim. Men olara: „Öz jenabyma el galdyrmaryn, çünki ol Rebbiň Öz seçip-saýlanydyr“ diýdim.


Muňa Dawudyň ýüregi gopan ýaly bolup gitdi.


Ol adamlaryna şeýle diýdi: «Jenabyma, Rebbiň saýlan adamyna beýle zat etmekden, oňa garşy el götermekden Rebbiň Özi saklasyn, çünki ol Rebbiň seçip-saýlanydyr».


Rebbiň seçip-saýlan adamyna el götermekden meni Rebbiň Özi saklasyn. Ýöne sen onuň başujundaky naýzany, suw küýzäni al, soň bu ýerden ökjäni götereli».


Emma Dawut Abyşaýa: «Ony öldürme, sebäbi Rebbiň seçip-saýlan adamyna el götermek günä bolar» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ