Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 12:2 - Mukaddes Kitap

2 Ine, indi size baş bolýan patyşaňyz hem bar. Men indi garradym, saç-sakgalym agardy. Ogullarym hem siziň araňyzda. Men ýaşlygymdan tä şu güne çenli size baş boldum.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ине, инди сизе баш болян патышаңыз хем бар. Мен инди гаррадым, сач-сакгалым агарды. Огулларым хем сизиң араңызда. Мен яшлыгымдан тә шу гүне ченли сизе баш болдум.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 12:2
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyl Hudaýyna, Rebbe alkyşlar bolsun! Gudratlary diňe Ol edýär.


Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi.


Çünki meniň ganym Hudaýa hödür edilýän içgi sadakasy kimin döküljek bolup dur. Bu dünýäden ötmeli pursadym ýetdi.


Rebbiň ysraýyllara daş-töweregindäki ähli duşmanlaryndan parahatçylyk bereninden bäri köp wagt geçipdi we Ýeşuwanyň hem ýaşy birçene baryp, gojalyk ýaşyna ýetipdi.


Ýeşuwa ähli ysraýyllary, olaryň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Indi meniň köpüm geçip, azym galdy.


Sebäbi Rebbimiz Isa Mesihiň maňa bildirişi ýaly, bu pany çadyrymdan basym göçmelidigimi bilýärin.


Eliý juda garrapdy. Öz ogullarynyň ysraýyllar bilen nähili daraşýandyklaryny, olaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň gapysynda hyzmat edýän aýallar bilen ýatýandyklaryny ol eşitdi.


Indi näme üçin siz Meniň buýran gurbanlyklaryma we sadakalaryma göz dikýärsiňiz? Näme üçin sen, Eliý, halkym Ysraýylyň sadakalarynyň iň saýlama ýerleri bilen özüňizi semretjek bolup, öz ogullaryňy Menden artyk hormatlaýarsyň?“


Reb gelip, ol ýerde durdy we: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ýene öňküleri ýaly ony çagyrdy. Şamuwel: «Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär» diýip jogap berdi.


Onuň neslini ebedilik jezalandyrjakdygymy Men oňa aýdypdym. Çünki ol ogullarynyň Maňa dil ýetirendiklerini bilip hem, olary bu işden saklamady.


Emma Eliý: «Şamuwel, oglum» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Şamuwel: «Ine, men geldim» diýip jogap berdi.


Şamuwel garrap, ýaşy birçene baransoň, öz ogullaryny Ysraýyla serdar goýdy.


Şeýdip, biz hem beýleki milletlere meňzäris. Biziň üstümizden patyşamyz hökmürowanlyk eder, öňümize düşer, uruşlarymyzda bize baş bolar» diýdiler.


Şamuweliň ogullary öz kakasynyň ýolundan gitmediler; gaýtam, diňe baýamagyň gamyny iýdiler, para aldylar, adalatdan ýüz döndürdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ