Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 12:19 - Mukaddes Kitap

19 Olar Şamuwele şeýle diýdiler: «Öz gullaryňyň aman galmagy üçin, Hudaýyň Rebbe dileg et. Biz şu pis iş, ýagny özümize patyşa talap etmek bilen öz günämizi has-da agraldypdyrys».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Олар Шамувеле шейле дийдилер: «Өз гулларыңың аман галмагы үчин, Худайың Реббе дилег эт. Биз шу пис иш, ягны өзүмизе патыша талап этмек билен өз гүнәмизи хас-да агралдыпдырыс».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 12:19
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi bolsa sen aýaly öz adamsyna gaýtaryp ber, çünki onuň adamsy pygamberdir. Ol seniň üçin dileg eder. Şeýdip, sen diri galarsyň. Aýaly yzyna gaýtarmasaň, sen we seniň ähli adamlaryň hökman ölersiňiz».


Ýa ynsanlary jezalandyrmak üçin, ýa-da ýer ýüzüni suwaryp, Öz söýgüsini görkezmek üçin, Ol ýagyş ýagdyrýar.


Şonuň üçin hem indi ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny hödür ediň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder. Men siz bilen akmaklygyňyza görä iş salyşmaryn, onuň dilegini kabul ederin, çünki siz Men barada hakykaty gulum Eýýup ýaly sözlemediňiz».


Şonuň üçin hem indi meniň günämi ötüň we bu nejis betbagtçylygyň menden aýrylmagyny sorap, ýene-de birje gezek Hudaýyňyz Rebbe dileg edäýiň» diýdi.


Ertesi gün Musa halka: «Siz agyr günä gazandyňyz. Emma men häzir Rebbiň ýanyna çykaýyn, belki, sizi günäňizden sapladyp bilerin» diýdi.


Rebbe dileg et! Gök gürrüldemesini we doly ýagmasyny bes etsin! Men sizi goýberjek, ýöne siz ol ýerde uzak galmaly dälsiňiz» diýdi.


Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.


Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!


Eger olar pygamber bolýan bolsalar, Rebbiň sözi olarda bolsa, onda Rebbiň ybadathanasynda, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalimde galan gap-gaçlar Babyla äkidilmesin diýip, Hökmürowan Rebbe ýalbarsynlar.


Sidkiýa patyşa Şelemýanyň ogly Ýehukalyny we Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny şeýle habar bilen Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberdi: «Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe ýalbarsana!»


Ýermeýa pygambere şeýle diýdiler: «Haýyşymyzy berjaý etmegiňi towakga edýäris, biziň üçin, bu aman galanlar üçin Hudaýyň Rebbe dileg et. Öz gözüň bilen görşüň ýaly, biz köpçülikdik, indi bolsa azalyp galdyk.


Indi bize merhemet eder ýaly, Hudaýa ýalbaryp bir görüň!? Şeýle gurbanlyklar hödürläniňizden soň, Ol siziň soraýan zadyňyzy edermikä? Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».


Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi.


Simun oňa: «Meniň üçin Rebbe doga ediň, aýdanlaryňyzyň hiç birine duçar bolmaýyn!» diýdi.


Iman bilen edilen doga-dileg näsaga şypa berer, Reb ony aýaga galdyrar. Eger ol günä gazanan bolsa, onuň günäsi geçiler.


Eger biri doganynyň ölüme eltmeýän günä edýänini görse, goý, onuň üçin Hudaýa ýalbarsyn. Hudaý oňa ýaşaýyş berer. Muny ölüme eltmeýän günä edýänler hakda aýdýaryn. Ölüme eltýän günä-de bardyr. Beýle günä edýän adam üçin Hudaýa ýalbaryň diýmeýärin.


Saýlap-seçip, diläp alan patyşaňyz, ine, dur. Hawa, ony size Reb berdi.


Häzir tomus, şeýle dälmi! Men Rebbi çagyrjak. Ol ýagyş ýagdyrar hem-de gögi gümmürdeder. Şonda özüňize patyşa soramak bilen Rebbiň öňünde juda pis iş edendigiňize siz göz ýetirersiňiz».


Şamuwel halka şeýle diýdi: «Hawa, siz pis işlere baş goşduňyz, ýöne şonda-da gorkmaň. Rebden ýüz öwürmäň-de, tutuş kalbyňyz bilen Oňa gulluk ediň.


Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.


Şamuwel olara: «Hemmäňiz Mispada ýygnanyşyň, men ol ýerde siz üçin Rebbe dileg etjek» diýdi.


Olar Şamuwele: «Hudaýymyz Rebbe biz üçin dileg etmäňi goýma, Ol bizi piliştlileriň elinden halas etsin» diýip ýüzlendiler.


Ysraýyl ýaşulularynyň: «Bize hökümdarlyk eder ýaly patyşa belle» diýen sözi Şamuwele ýaramady. Şamuwel Rebbe dileg etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ