Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 12:12 - Mukaddes Kitap

12 Ammonlaryň şasy Nahaşyň üstüňize sürnüp gelýändigini göreniňizde bolsa, öz Hudaýyňyz Rebbiň şalygyndan boýun gaçyryp, menden özüňize patyşa talap etdiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Аммонларың шасы Нахашың үстүңизе сүрнүп гелйәндигини гөрениңизде болса, өз Худайыңыз Реббиң шалыгындан боюн гачырып, менден өзүңизе патыша талап этдиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 12:12
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn.


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Mowapda, ammonlaryň arasynda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ähli ýahudalar-da Babyl patyşasynyň Ýahuda ýurdunda bir topary aman galdyrandygyny, olaryň üstlerinden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim belländigini eşitdiler.


Seni halas eder ýaly, seniň patyşaň nirede? Sen: „Maňa patyşa hem hökümdar ber“ diýipdiň. Seniň şäherleriňdäki hökümdarlar nirede?


Men Ýakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny, Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin. Ysraýyl Hudaýy Reb olar bilendir. Olar Ony öz patyşasy hökmünde alkyşlaýarlar.


Gidegon olara: «Menem, meniň oglumam size patyşa bolmaz. Reb size patyşa bolar» diýdi.


Indi siz meniň kakamyň öýündäkileriniň garşysyna gidip, onuň ýetmiş ogluny bir daşyň üstünde öldürdiňiz, onuň gyrnagyndan bolan ogly Abymelegi bolsa Şekemiň ilatynyň üstünden patyşa edip goýduňyz, sebäbi ol siziň doganyňyz.


Emma bu günki gün özüňizi zulumdan we jebir-jepadan alyp çykan Hudaýyňyzy siz ret etdiňiz. Siz: „Ýok, bize patyşa belle“ diýdiňiz. Indi tireme-tire, urugma-urug Rebbiň huzurynda hatara düzüliň».


Şamuweliň ogullary öz kakasynyň ýolundan gitmediler; gaýtam, diňe baýamagyň gamyny iýdiler, para aldylar, adalatdan ýüz döndürdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ