Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 12:10 - Mukaddes Kitap

10 Şonda ata-babalaryňyz: „Biz günä gazandyk. Rebden ýüz öwrüp, Bagal we Aştoret butlaryna gulluk etdik. Indi bizi duşmanlarymyzyň elinden al, biz Saňa gulluk etjek“ diýip, Rebbe perýat etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Шонда ата-бабаларыңыз: „Биз гүнә газандык. Ребден йүз өврүп, Багал ве Ашторет бутларына гуллук этдик. Инди бизи душманларымызың элинден ал, биз Саңа гуллук этҗек“ дийип, Реббе перят этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 12:10
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Gilgadyň ýarysy, Aştarot we Edreý (Başan hany Oguň hanlyk eden galalary). Bular Manaşanyň ogly Makyryň nesilleri üçin olaryň uruglary boýunça berlen paý boldy.


Olar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günä etdik, öz Hudaýymyz Seni terk edip, Bagal butlaryna gulluk etdik» diýip eňreşdiler.


Soňra ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, Bagal butlaryna gulluk etdiler.


Olar Rebbi terk edip, Bagal hem-de Aştoret butlaryna gulluk etdiler.


Ysraýyllar ýene-de Rebbe perýat edenlerinde, Reb olar üçin bir halasgär berdi. Ol benýamin tiresinden Geranyň ogly Ehutdy, ol çepbekeýdi. Ysraýyllar Mowap patyşasy Eglon üçin salgyt äkitmegi Ehuda tabşyrdylar.


Ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler, özleriniň Hudaýy Rebbi unudyp, Bagal hem-de Aşera butlaryna gulluk etdiler.


Olar Rebbe perýat edenlerinde, Reb olara Otniýel diýen bir halasgär berdi. Ol Kalebiň inisi Kenazyň ogludy.


Ysraýyllar Rebbe perýat edip, Ondan kömek soradylar, Oňa ýalbardylar, sebäbi Ýabynyň dokuz ýüz sany demir söweş arabasy bardy we ol ýigrimi ýyl bäri ysraýyllary rehimsizlik bilen ezip gelýärdi.


Ysraýyllaryň midýanlardan dady-perýat edip, Özüne ýalbarandyklaryna görä, Reb olara bir pygamber iberdi.


Sandyk uzak wagtlap – ýigrimi ýyla golaý Kirýatýegarymda galdy. Şol arada tutuş ysraýyl halky Rebbe nalyş etdi.


Olar Mispada ýygnanyşdylar. Olar guýudan suw çekip, ony Rebbiň huzurynda ýere döküp: «Biz Rebbiň öňünde günä gazandyk» diýip, şol gün agyz beklediler. Şeýdip, Şamuwel Mispada ysraýyllara serdar boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ