Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 11:6 - Mukaddes Kitap

6 Şawul ol sözleri eşidende, Hudaýyň Ruhy onuň kalbyny eýeledi. Şawulyň gaty gahary geldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Шавул ол сөзлери эшиденде, Худайың Рухы онуң калбыны эеледи. Шавулың гаты гахары гелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 11:6
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol düşelgä ýakyn gelen badyna, göläni we tans edip ýören adamlary gördi. Musa gahar-gazaba münüp, elindäki ýasy daş böleklerini zyňyp goýberdi, olar dagyň eteginde çym-pytrak boldy.


Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy.


Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.


Gaharlanyp günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne Gün ýaşmasyn.


Ýeftaha Rebbiň Ruhy inipdi. Ol Gilgadyň we Manaşanyň üstünden geçdi. Ol Gilgatdaky Mispäniň üstünden geçip, ammonlylaryň üstüne gitdi.


Sorga bilen Eştawolyň aralygyndaky Mahanadanda bolanda Şimşony Rebbiň Ruhy galkyndyryp başlady.


Şimşona uly güýç bilen Rebbiň Ruhy indi, ol ýolbarsy edil bir owlajygy bölekleýän ýaly edip, düýt-müýt etdi; onuň elinde hiç zat ýokdy. Ol bu eden işini ejesine-kakasyna aýtmady.


Olar Lehä ýetenlerinde, piliştliler ony uly gykylyk bilen garşyladylar. Şonda Rebbiň Ruhy güýç bilen Şimşona inip, oňa ägirt uly güýç berdi welin, onuň ellerini daňmak üçin ulanylan tanaplar edil otda ýanan zygyr ýaly boldy. Onuň ellerindäki tanaplar çözülip gitdi.


Rebbiň Ruhy Otniýele indi; ol ysraýyllara serdar bolup, urşa çykdy, Reb Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymy onuň eline berdi. Otniýel Kuşan-rişataýymy boýun egdirdi.


Gidegona Rebbiň Ruhy indi. Şondan soň Gidegon surnaý çalyp, abygezer urugyny öz yzyna düşmäge çagyrdy.


Gibga galasyna gelenlerinde, olar topar tutup gelýän pygamberlere duşdular. Şonda Hudaýyň Ruhy Şawulyň kalbyny eýeledi. Ol pygamberler bilen bile joşup, pygamberlik etmäge başlady.


Şondan soň Rebbiň Ruhy seniň kalbyňy eýelär; sen hem olar bilen bile joşup, pygamberlik edersiň we Rebbiň Ruhy seni bütinleý özgerder.


Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi.


Rebbiň Ruhy Şawuldan aýryldy. Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah ony gorkuzýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ