Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 11:11 - Mukaddes Kitap

11 Daňyň ümüş-tamşynda Şawul adamlary üç topara böldi. Daň agaranda olar ammonlaryň düşelgesine aralaşdylar we Gün günortan bolýança, olary ýer bilen ýegsan etdiler. Diri galanlar dyr-pytrak bolup gaçdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Даңың үмүш-тамшында Шавул адамлары үч топара бөлди. Даң агаранда олар аммонларың дүшелгесине аралашдылар ве Гүн гүнортан болянча, олары ер билен егсан этдилер. Дири галанлар дыр-пытрак болуп гачдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 11:11
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire» diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan «Rebbiň dagynda üpjün edilýär» diýen söz hem şondan galandyr.)


Ol goşuny üç topara böldi: bir topara Ýowap, bir topara Seruýanyň ogly, Ýowabyň dogany Abyşaý, üçünji topara bolsa gatly Ytaý baştutanlyk edýärdi. Patyşa özüniň hem olaryň ýanlarynda boljakdygyny olara aýtdy.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.


Daň atmazdan öň Reb ot we bulut sütüniniň içinden aşak, Müsür goşunyna tarap seretdi we olary aljyraňňy ýagdaýa saldy.


Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.


Şonda Adonybezek: «Elleriniň hem aýaklarynyň başam barmaklary çapylan ýetmiş sany baştutan meniň saçagymdan gaçan çörek owuntyklaryny çöpläp iýipdi. Şolara edenlerimi indi Hudaý meniň özüme görkezýär» diýdi. Olar Adonybezegi Iýerusalime getirdiler; ol şol ýerde öldi.


Barak Siseranyň söweş arabasyny we bütin goşunyny Haroşet-hagoýyma çenli kowdy, olaryň baryny gylyçdan geçirdi, ýeke adamy-da diri goýmady.


Soňra Gidegon üç ýüz adamy üç bölüme böldi-de, hemmesiniň eline şahdan edilen surnaý, boş küýze we küýzäniň içine-de çyra salyp berdi.


Üç bölümdäkileriň hemmesi-de surnaýlaryny çalyp, küýzelerini döwdüler. Çep elinde çyrany saklap, sag elinde surnaý çaldylar hem-de: «Reb üçin, Gidegon üçin söweşe çykalyň!» diýip gygyryşdylar.


Ol öz adamlaryny alyp, olary üç bölüme böldi-de, meýdanda bukuda oturtdy. Halkyň galadan çykanyny görende, duýdansyz olaryň üstüni basyp, olary gyrdyrdy.


Ammonlaryň şasy Nahaş olara: «Men siziň ähliňiziň sag gözüňizi oýup, sizi tutuş Ysraýyla wejera etmek şerti bilen ylalaşyk baglaşaryn» diýip jogap berdi.


Ysraýyla şa bolandan soň, Şawul töweregindäki duşmanlarynyň ählisine: mowap, ammon, edom halklaryna, Soba şalaryna we piliştlilere garşy uruşlar alyp bardy. Baran ýerinde-de, ol ýeňiş gazandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ