Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 11:1 - Mukaddes Kitap

1 Ammonlaryň şasy Nahaş aýaga galyp, Gilgatdaky Ýabeş galasyny gabawa saldy. Ýabeşiň halky Nahaşa: «Biziň bilen ylalaşyk baglaş, biz saňa gul bolaly» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Аммонларың шасы Нахаш аяга галып, Гилгатдакы Ябеш галасыны габава салды. Ябешиң халкы Нахаша: «Бизиң билен ылалашык баглаш, биз саңа гул болалы» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 11:1
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Yshaga şeýle jogap berdiler: «Rebbiň seniň bilen biledigine biziň gözümiz ýetdi. Şoňa görä biziň saňa ýagşylykdan başga hiç zat etmän, el gatman, seni parahatlyk bilen goýberişimiz ýaly, seniň-de bize ýamanlyk etmezligiň üçin özara ant içişip, şertnama baglaşaly diýdik. Indi Reb seni ýalkasyn».


Birnäçe wagtdan soň Ammon patyşasy Nahaş ölüp, ýerine ogly Hanun tagta çykdy.


Dawut: «Nahaş maňa wepaly boldy, men hem onuň ogly Hanuna wepaly bolaýyn» diýdi. Ony kakasy üçin çekýän hasratyndan köşeşdirmek üçin, Dawut onuň ýanyna birnäçe çaparlar ýollady. Dawudyň çaparlary Ammon ýurduna baranda,


Dawut Mahanaýyma baranda, ammonlaryň Raba galasyndan Nahaşyň ogly Şoby, lodebarly Emiýeliň ogly Makyr, Rogelimden gilgatly Barzyllaý dagy


Dawut çaparlaryň üsti bilen ýabeşlilere şeýle habar ýollady: «Öz jenabyňyz Şawuly jaýlap, oňa wepalylyk görkezendigiňiz üçin, Reb sizi ýalkasyn!


Benhadat Ahaba: «Men kakamyň seniň kakaňdan alan galalaryny yzyna gaýtaryp bererin. Kakamyň Samariýada bazarlar gurşy ýaly, sen hem Damaskda özüňe bazarlar gur» diýdi. Ahap: «Eger sen şu beren wadaňa wepaly bolsaň, men seni boşadaryn» diýdi. Şeýdip, Ahap Benhadat bilen äht baglaşyp, ony boşatdy.


Piliştlileriň Şawula edenlerini Gilgatdaky Ýabeşiň ilaty eşidende,


onuň gaýduwsyz adamlarynyň ählisi aýaga galdy. Olar Şawul bilen onuň ogullarynyň jesedini alyp, Ýabeşe getirdiler. Olar bularyň süňklerini Ýabeşdäki dub agajynyň astynda jaýlap, ýedi günläp agyz beklediler.


Liwýatanyň beden agzalary, beýik güýji we gözel syraty barada dymmaryn.


Siz olar bilen hem, olaryň hudaýlary bilen hem äht baglaşmaň.


Hizkiýa gulak asmaň! Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Meniň bilen ýaraşyk ediň-de, meniň ýanyma geliň. Şonda her kim öz üzümçiliginiň hem-de injir daragtynyň miwesinden iýip, öz guýusyndan suw içer.


Mowapda, ammonlaryň arasynda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ähli ýahudalar-da Babyl patyşasynyň Ýahuda ýurdunda bir topary aman galdyrandygyny, olaryň üstlerinden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim belländigini eşitdiler.


oňa: «Ammonlaryň patyşasy Bagalysyň seni öldürtmek üçin, Netanýanyň ogly Ysmaýyly iberendigini bilýärsiňmi?» diýdiler. Emma Ahykamyň ogly Gedalýa olara ynanmady.


Ol patyşanyň tohum-tijinden bolan bir adamy alyp, onuň bilen äht baglaşdy; oňa ant içirdi. Ol muny ýurt kiçigöwünli bolsun, gedemlik etmesin, ähtimi saklar ýaly, ýerinde dursun diýip etdi. Ol ýurduň baştutanlaryny ýesir edip alyp gitdi.


Ammonlar hem, mowaplar hem Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniň hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär.


Şonuň üçin Rebbiň Ysraýyla gahary geldi. Ol ysraýyllary piliştlileriň we ammonlylaryň eline berdi.


Birnäçe wagtdan soň ammonlylar ysraýyllaryň üstüne çozdular.


Mispadaky Rebbiň huzurynda bolan ýygnanyşyga Ysraýyl neslinden gelmedik barmy?» diýişdiler. Ýygnanyşyga Gilgatdaky Ýabeşden adam gelmändir.


Ammonlaryň şasy Nahaşyň üstüňize sürnüp gelýändigini göreniňizde bolsa, öz Hudaýyňyz Rebbiň şalygyndan boýun gaçyryp, menden özüňize patyşa talap etdiňiz.


Ysraýyla şa bolandan soň, Şawul töweregindäki duşmanlarynyň ählisine: mowap, ammon, edom halklaryna, Soba şalaryna we piliştlilere garşy uruşlar alyp bardy. Baran ýerinde-de, ol ýeňiş gazandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ