Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 10:6 - Mukaddes Kitap

6 Şondan soň Rebbiň Ruhy seniň kalbyňy eýelär; sen hem olar bilen bile joşup, pygamberlik edersiň we Rebbiň Ruhy seni bütinleý özgerder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Шондан соң Реббиң Рухы сениң калбыңы эеләр; сен хем олар билен биле җошуп, пыгамберлик эдерсиң ве Реббиң Рухы сени бүтинлей өзгердер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 10:6
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men aşak inip, ol ýerde seniň bilen gepleşerin. Saňa beren Ruhumdan alyp, olara-da bererin. Ana onsoň, halkyň garamatyny ýeke özüň çekmersiň, halkyň garamatyny olar seniň bilen deň çekişerler.


Onsoň Reb buludyň içinde aşak inip, Musa bilen gepleşdi. Onuň üstündäki ruhdan alyp, ýetmiş ýaşulynyň üstüne goýdy. Ruh ýaşulularyň üstüne inen badyna, olar joşup pygamberlik edip başladylar, ýöne olar soňra gaýdyp beýle etmediler.


Eldat we Meýdat atly iki adam düşelgede galypdy. Olar saýlanan ýetmiş ýaşulynyň arasyndadylar, emma çadyra gitmän galypdylar, ine, onsoň olar düşelgede joşup pygamberlik edip başladylar.


Emma Musa oňa: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz Ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berdi.


Şol gün köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz Seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi? Seniň adyň bilen arwah-jynlary kowup, köp gudratlar görkezmedikmi?“ diýerler.


Şimşona uly güýç bilen Rebbiň Ruhy indi, ol ýolbarsy edil bir owlajygy bölekleýän ýaly edip, düýt-müýt etdi; onuň elinde hiç zat ýokdy. Ol bu eden işini ejesine-kakasyna aýtmady.


Olar Lehä ýetenlerinde, piliştliler ony uly gykylyk bilen garşyladylar. Şonda Rebbiň Ruhy güýç bilen Şimşona inip, oňa ägirt uly güýç berdi welin, onuň ellerini daňmak üçin ulanylan tanaplar edil otda ýanan zygyr ýaly boldy. Onuň ellerindäki tanaplar çözülip gitdi.


Rebbiň Ruhy Otniýele indi; ol ysraýyllara serdar bolup, urşa çykdy, Reb Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymy onuň eline berdi. Otniýel Kuşan-rişataýymy boýun egdirdi.


Gibga galasyna gelenlerinde, olar topar tutup gelýän pygamberlere duşdular. Şonda Hudaýyň Ruhy Şawulyň kalbyny eýeledi. Ol pygamberler bilen bile joşup, pygamberlik etmäge başlady.


Şawul Şamuweliň ýanyndan gaýtmak üçin yzyna öwrülende, Hudaý onuň kalbyny täzeledi. Bu alamatlaryň hemmesi şol gün ýerine ýetdi.


Şawul ol sözleri eşidende, Hudaýyň Ruhy onuň kalbyny eýeledi. Şawulyň gaty gahary geldi.


Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi.


Şawul Dawudy tutup getirmek üçin, öz adamlaryny iberdi. Olar Şamuweliň ýolbaşçylygynda joşup, pygamberlik edip ýören pygamberleriň toparyny gördüler. Şonda Şawulyň adamlarynyň-da üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Şunlukda, olar hem joşup, pygamberlik etmäge başladylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ