Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 10:27 - Mukaddes Kitap

27 Käbir ýaramaz adamlar bolsa: «Şolmy indi bizi gorajak?» diýşip, oňa pisint etmediler. Olar oňa sowgat-serpaý-da etmediler, ýöne Şawul olara üns bermedi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Кәбир ярамаз адамлар болса: «Шолмы инди бизи гораҗак?» дийшип, оңа писинт этмедилер. Олар оңа совгат-серпай-да этмедилер, йөне Шавул олара үнс бермеди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 10:27
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»


Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler.


Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylyň-ýylyna kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, atyrlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi.


Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler.


Sur patyşasy Hiram Süleýmanyň kakasynyň ornuna patyşalyga bellenendigini eşiden badyna, öz emeldarlaryny Süleýmanyň ýanyna iberdi; çünki Hiram Dawudyň hemişelik ýarany bolupdy.


Boş we ýaramaz adamlar Ýarobgamyň ýanyna ýygnanyp, Süleýmanyň ogly Rehabgamyň garşysyna çykdylar. Rehabgam ýaş we tejribesiz bolansoň, olar bilen urşup bilmedi.


Şonuň üçin hem Reb onuň patyşalygyny berkitdi. Ähli ýahuda halky Ýehoşapada salgyt töledi. Ol gaty baý hem at-abraýlydy.


«Ýa Reb, meniň dogamy eşit, gulak goý dat-perýadyma; Sen biparh garama gözýaşlaryma, çünki men gelmişek Seniň ýanyňda, ähli atalarym deý men bir keseki.


Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar.


Adamlaryň diýýän her sözüne üns berme, ýogsam hyzmatkäriň saňa edýän gargyşyny eşidersiň.


Emma halkdan ses çykmady, oňa jogap gaýtaran bolmady, çünki Hizkiýa patyşa: «Oňa jogap gaýtarmaň» diýip tabşyrypdy.


Olar öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Şonda dyza çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, hoşboý tütetgiler we mür sowgat berdiler.


Ine, bu Musa: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?“ diýip, halkyň inkär eden Musasydy. Hudaýyň Özi ony çalyda görnen perişdäniň üsti bilen hökümdar hem halasgär edip ýollady.


galanyň ýaşaýjylaryny tanamaýan hudaýlaryna gulluk etmäge çagyryp, olary ýoldan çykarmakda baş bolandyklaryny eşitseňiz,


Soňra adamlar Şamuwele: «„Şawulmy indi bize patyşa boljak“ diýenler kimler? Getiriň, biz olary öldürjek» diýdiler.


Emma Şawul halka: «Bu gün hiç kim öldürilmez, çünki bu gün Ysraýyly Reb halas etdi» diýdi.


Ýyşaý ogly Dawudy Şawulyň ýanyna iberende, onuň ýany bilen bir eşege çörek, bir tulum şerap hem-de bir owlak ýükläp iberdi.


Eliýiň ogullary ruhany bolsalar-da, ýaramazdylar. Olar Rebbi sylamaýardylar,


Indi şuny bil-de, näme etmelidigiň hakda oýlan, çünki biziň hojaýynymyza we onuň tutuş maşgalasyna garşy erbet karara gelnendir. Nabalyň häsiýeti juda ýaramaz, onuň bilen gepleşip bilýän adam ýok».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ