Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 10:22 - Mukaddes Kitap

22 Olar: «Ol heniz bu ýere gelenokmy?» diýip, Rebden soradylar. Reb: «Ol, ine, ýüküň aňyrsynda gizlendi» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Олар: «Ол хениз бу ере геленокмы?» дийип, Ребден сорадылар. Реб: «Ол, ине, йүкүң аңырсында гизленди» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 10:22
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Göwredäki ekiz çaga biri-biri bilen itekleşýärdi. Rebeka: «Näme üçin bu ejir meniň başyma düşdi?» diýip, Rebden sorady.


Şondan soň Dawut: «Ýahuda galalarynyň birine gideýinmi?» diýip, Rebbe ýüz tutdy. Reb: «Hawa, git!» diýip jogap berdi. Dawut: «Haýsyna gideýin?» diýip sorady. Reb: «Hebrona» diýdi.


Dawudyň döwründe üç ýyla çeken açlyk boldy. Dawut Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Şawulyň gan dökmegi onuň özüniň we nesliniň boýnunadyr, sebäbi ol gibgonlylary gyrgynçylyga berdi» diýdi.


Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».


Özüni ýokary tutýan adam peseldiler, pes tutýan bolsa beýgeldiler».


Ýeşuwa ölenden soň, ysraýyllar: «Kenganlaryň garşysyna ilki haýsymyz söweşe çykmaly?» diýip, Rebden soradylar.


Ysraýyllar Beýtele bardylar-da: «Haýsymyz urşa ilki başlarys?» diýip, Hudaýdan soradylar. Reb: «Ýahuda öňürti başlar» diýdi.


Soňra Şamuwel benýamin tiresini maşgalama-maşgala öňe çykardy. Olardan Matrynyň maşgalasynyň bijesi çykdy. Olardan Kişiň ogly Şawulyň bijesi çykdy, ýöne olar ony idäp tapyp bilmediler.


«Piliştlileriň yzyndan kowaýynmy? Olary Sen Ysraýylyň eline berersiňmi?» diýip, Şawul Hudaýa ýüzlendi. Emma Hudaý ol gün oňa jogap bermedi.


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Özüňi ähmiýetsiz kiçi saýsaň-da, sen ysraýyl tireleriniň kethudasy dälmi eýsem? Reb seni Ysraýylyň üstünden şalyk sürmäge saýlady.


Ol Dawut üçin Rebbe ýüz tutup, onuň sapary barada sorady we oňa azyk hem-de Jalut piliştliniň gylyjyny berdi» diýdi.


Şawulyň niýetiniň ýamandygyny bilende, Dawut ruhany Abýatara: «Efody getir, Hudaýyň islegini bileli» diýdi.


Ol Ahymelegiň ogly ruhany Abýatara: «Efody getir» diýdi. Abýatar efody Dawudyň ýanyna getirdi.


Dawut: «Men bu galtamanlaryň yzyndan kowmalymy? Men olaryň yzyndan ýetip bilerinmi?» diýip, Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Olaryň yzyndan kow. Sen hökman olaryň yzyndan ýetip, ýesirleri halas edersiň» diýip jogap berdi.


Şawul oňa: «Men Ysraýylyň iň kiçi tiresi bolan benýamin tiresinden ahyryn, meniň maşgalamam tirämizde göze görünýän maşgala däl-ä. Näme üçin sen maňa beýle zatlary aýdýaň?» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ