Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 10:19 - Mukaddes Kitap

19 Emma bu günki gün özüňizi zulumdan we jebir-jepadan alyp çykan Hudaýyňyzy siz ret etdiňiz. Siz: „Ýok, bize patyşa belle“ diýdiňiz. Indi tireme-tire, urugma-urug Rebbiň huzurynda hatara düzüliň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Эмма бу гүнки гүн өзүңизи зулумдан ве җебир-җепадан алып чыкан Худайыңызы сиз рет этдиңиз. Сиз: „Ёк, бизе патыша белле“ дийдиңиз. Инди тиреме-тире, уругма-уруг Реббиң хузурында хатара дүзүлиң».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 10:19
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


eýsem, tutuş bir aýlap, tä aşa düşýänçäňiz, tä irýänçäňiz et iýersiňiz. Çünki siz araňyzda bolan Rebbi ret etdiňiz we Onuň huzurynda: „Näme üçin biz Müsürden çykdyk?“ diýip agladyňyz».


«Ysraýyllara öz tire baştutanlarynyň hemmesinden, ýagny her tireden bir hasa – jemi on iki hasa ýygnap, olary saňa getirip bermeklerini tabşyr. Olaryň hersiniň atlaryny öz hasalaryna ýazyp goý.


Siz Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduny mülk edinip, ol ýerde ornaşanyňyzda: „Biz hem daş-töweregimizdäki beýleki halklar ýaly özümize patyşa saýlalyň“ diýersiňiz.


Şeýlelikde, Ýeşuwa ähli ysraýyl tirelerini Şekeme ýygnady. Olaryň arasyndan Ysraýylyň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olaryň özleri gelip, Hudaýyň huzurynda durdular.


Gidegon olara: «Menem, meniň oglumam size patyşa bolmaz. Reb size patyşa bolar» diýdi.


Soňra Şamuwel ysraýyl tireleriniň ählisini ýeke-ýekeden öňe çykardy. Olardan bije boýunça benýamin tiresi saýlanyp alyndy.


Ammonlaryň şasy Nahaşyň üstüňize sürnüp gelýändigini göreniňizde bolsa, öz Hudaýyňyz Rebbiň şalygyndan boýun gaçyryp, menden özüňize patyşa talap etdiňiz.


Şeýdip, ol gün Reb Ysraýyla ýeňiş getirdi. Söweş Beýtawene geçdi we Şawulyň ýanyndaky goşun hemmesi bile on müň adama golaýdy. Söweş Efraýym daglygyna ýaýrady.


Soňra Şawul şeýle diýdi: «Eý, halkyň baştutanlary, ähliňiz şu ýere ýygnanyň. Bu günäniň nähili gazanylandygyny anyklalyň.


Reb sözi arkaly Özüni Şamuwele Şiloda aýan edenden soň, Ol ýene-de şol ýerde görünmegini dowam etdirdi.


Şamuweliň sözi tutuş Ysraýyla ýetdi. Şonda ysraýyllar piliştlilere garşy baş göterdiler. Ysraýyllar Ebenezerde, piliştliler bolsa Apekde düşelge gurdular.


Barybir halk Şamuweliň sözüne gulak asmady. Olar: «Ýok! Bizde patyşa bolsun!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ