Soňra demirgazykda Dandaky, günortada Beýerşebadaky we gündogarda Gilgatdaky ähli ysraýyllar bu çagyryşa jogap berdiler. Olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, Mispada Rebbiň huzurynda ýygnanyşdylar.
Şondan soň tutuş halk Gilgala gitdi. Ol ýerde olar Rebbiň huzurynda Şawuly täzeden patyşa diýip yglan etdiler we Rebbiň huzurynda salamatlyk gurbanlygyny berdiler; Şawul we ähli ysraýyllar uly toý tutdular.