13 Şawul joşup, pygamberlik edip bolandan soň, seždegähe çykdy.
13 Шавул җошуп, пыгамберлик эдип боландан соң, сеждегәхе чыкды.
Ol ýerdäkileriň biri: «Bu pygamberleriň atalary kim bolupdyr-ka?» diýdi. «Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýleni şondan galandyr.
Şawulyň daýysy: «Nirä bardyňyz?» diýip, ondan we onuň hyzmatkärinden sorady. Şawul: «Eşekleri agtardyk, ýöne olary tapyp bilmänimizden soň, Şamuweliň ýanyna gitdik» diýip jogap berdi.