Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Äri oňa: «Hanna, sen näme üçin aglaýaň, näme üçin hiç zat iýmeýäň, näme üçin beýle hasrat çekýäň? Seniň üçin men on oguldan-da artyk dälmi näme?!» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Әри оңа: «Ханна, сен нәме үчин аглаяң, нәме үчин хич зат иймейәң, нәме үчин бейле хасрат чекйәң? Сениң үчин мен он огулдан-да артык дәлми нәме?!» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 1:8
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hazaýyl ondan: «Jenabym, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorady. Elýaşa şeýle jogap berdi: «Men seniň ysraýyl halkynyň başyna ýowuz günleri getirjekdigiňi bilip aglaýaryn. Sen olaryň galalaryna ot berip, söweşde olaryň iň oňat esgerlerini gylyçdan geçirersiň, olaryň çagalarynyň kellelerini ýenjip, göwreli aýallarynyň garynlaryny dilersiň».


Dostuna mähirlik etmeýän, Gudratygüýçlüden gorkmagy ret edýändir.


Olar ýurdy eýelemediler gylyjy bilen, ýeňşi gazanmadylar gollary bilen – Seniň eliň, goluň, ýüzüňiň nury edendir muny; çünki Sen juda söýdüň olary.


Reb: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk, önelgesiz, burguda bolmadyk, begençden aýdym aýt! Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» diýýär.


Reb seni terk edilen, kalby gussaly aýal dek, ret edilen ýaş gelin dek çagyrdy. Muny Hudaý diýýär.


Olar ondan: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň?» diýip soradylar. Merýem olara: «Agamy mazardan çykaryp alyp gidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi.


Isa oňa: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň? Kimi gözleýärsiň?» diýdi. Merýem Oňa bagbandyr öýdüp: «Eý, aga, Ony mazardan sen äkiden bolsaň, nirede goýanyňy maňa aýt, men Ony alyp gideýin» diýdi.


Eý, doganlar, size ýalbarýarys: bikär gezýänleri ýazgaryň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler babatda sabyr-takatly boluň.


Ol seniň durmuşyňy täzelär. Garranyňda, ol saňa arkadaýanç bolar. Seniň üçin ýedi oguldan hem artyk bolan bu gelniň saňa ogul dogrup berdi, ol seni söýýär» diýdiler.


Bu ýyllarboýy şeýle boldy. Her gezek Rebbiň öýüne gidende, Hannanyň günüsi onuň derdini gozgaýardy. Bir gün hem Hanna oturyp aglady we hiç zat datmady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ