Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 1:28 - Mukaddes Kitap

28 Şoňa görä men ony Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň hyzmatynda bolsun» diýdi. Soňra ol şol ýerde Rebbe sežde etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Шоңа гөрә мен оны Реббе берйәрин. Гой, ол тә өмри өтйәнчә, Реббиң хызматында болсун» дийди. Соңра ол шол ерде Реббе сежде этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 1:28
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýymyň hyzmatkäri baş egip, Rebbe sežde etdi.


Soňra men baş egip, Rebbe sežde etdim. Yshak üçin jenabymyň garyndaşynyň gyzyny almaga göni ýol görkezen jenabym Ybraýymyň Hudaýy Rebbi alkyşladym.


Ybraýymyň hyzmatkäri bu sözleri eşidende, dyza çöküp, Rebbe sežde etdi.


Näme, oglum? Göwrämden önen zürýadym! Näme diýeýin, Hudaýdan diläp alan oglum?


Nazyrlyk döwrüniň bütin dowamynda bu adam Rebbe bagyş edilen adamdyr.


Sen Mukaddes Ýazgylary hem oglanlykdan bäri bilýänsiň. Bu Ýazgylar Isa Mesihe bolan iman arkaly seni paýhasly edip, halas bolmagyň ýoluny görkezer.


Gidegon bu düýşi diňläp, onuň ýorgudyny eşidenden soň, Rebbe sežde etdi. Ol ysraýyllaryň düşelgesine dolanyp geldi-de: «Turuň, çünki Reb midýanlaryň goşunyny siziň eliňize berdi» diýdi.


Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».


Hanna bu gezek onuň bilen gitmedi. Ol adamsyna: «Süýtden aýrylandan soň, men çagany Rebbiň huzuryna alyp bararyn, ol şol ýerde ömürlik galar» diýdi.


Soňra Elkana öýüne – Rama dolandy. Şamuwel bolsa Rebbe gulluk etmek üçin, Eliý ruhanynyň ýanynda galdy.


Gaýtjak bolanlarynda: «Rebbiň hyzmatyna bagyş eden ogluňyň öwezini dolar ýaly, goý, Reb saňa şu aýaldan ýene zürýatlar bersin» diýip, Eliý Elkana hem-de onuň aýalyna ak pata bererdi. Soňra olar öýlerine dolanardylar.


Dawut oňa: «Örän oňat, sen hem öz guluňyň başarnygyny görersiň» diýdi. Akyş han Dawuda: «Gaty gowy, sen ömürboýy meniň janpenam bolarsyň» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ