Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 1:26 - Mukaddes Kitap

26 Hanna Eliýä ýüzlenip: «Eý, agam, ömrüň uzak bolsun! Men şu ýerde huzuryňda durup, Rebden dileg eden aýal.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Ханна Элийә йүзленип: «Эй, агам, өмрүң узак болсун! Мен шу ерде хузурыңда дуруп, Ребден дилег эден аял.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 1:26
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siz, ine, şeýle synalarsyňyz. Men faraonyň adyndan ant içýärin. Siziň körpe iniňiz şu ýere gelmese, siz bu ýerden gitmersiňiz.


Uryýa Dawuda: «Äht sandygy bilen ysraýyllardyr ýahudalar çadyrdakalar, jenabym Ýowapdyr onuň nökerleri meýdandakalar, men iýip-içmek we aýalym bilen ýatmak üçin öýüme gideýinmi? Seniň ömrüňden hem janyňdan ant içýärin, men beýle iş edip bilmerin» diýdi.


Patyşa: «Şu işlerde Ýowabyň eli-hä ýokdur-da?!» diýdi. Aýal: «Şa hezretleriniň ömri uzak bolsun! Patyşanyň aýdan zadyndan hiç kim saga-sola sowlup bilmez. Hut şa hezretleriniň aýdyşy ýaly, gyrnagyňy Ýowap iberdi we aýtmaly sözleriniň ählisini gyrnagyňyň agzyna ol salyp iberdi.


Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Beýtele gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Beýtele gitdiler.


Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Ýeriho gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebbiň we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Ýeriho gitdiler.


Ylýas Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Iordan derýasyna gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi-de bile tirkeşip, ýollaryny dowam etdirdiler.


Onsoň çaganyň ejesi: «Rebden hem-de seniň adyňdan ant içýärin. Men sensiz hiç ýere gymyldamaryn» diýdi. Şondan soň Elýaşa ýerinden turup, ol aýalyň yzy bilen gitdi.


Ýagbes: «Meni ýalkasadyň, meniň çäklerimi giňeltsediň, meniň bilen bolup, meni azapdan we ýamanlykdan gorasadyň» diýip, Ysraýylyň Hudaýyna dileg etdi. Hudaý onuň islegini ýerine ýetirdi.


Dawudyň Jalut piliştli bilen uruşmaga barýanyny görende, Şawul öz goşunbaşysy Abnerden: «Bu ýigit kimiň ogly, Abner?» diýip sorapdy. Abner: «Patyşanyň ömri uzak bolsun, bilmedim» diýip jogap beripdi.


Dawut hem ant içip, şeýle diýdi: «Meni sulhuň alýandygyny kakaň gaty gowy bilýär; kakaň „Muny Ýonatana eşitdirmeli däl, eger eşidäýse, ol gynanar“ diýip pikir edýär. Ýöne Rebden hem senden ant içýärin, indi men ajalyň öň ýanynda durun».


Seni gan dökmekden we ar almakdan Rebbiň Özi saklapdyr. Indi, eý, agam, Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, agam, saňa ýamanlyk etmek isleýän duşmanlaryň, goý, Nabal ýaly bolsun.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ