Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 1:22 - Mukaddes Kitap

22 Hanna bu gezek onuň bilen gitmedi. Ol adamsyna: «Süýtden aýrylandan soň, men çagany Rebbiň huzuryna alyp bararyn, ol şol ýerde ömürlik galar» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Ханна бу гезек онуң билен гитмеди. Ол адамсына: «Сүйтден айрыландан соң, мен чаганы Реббиң хузурына алып барарын, ол шол ерде өмүрлик галар» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 1:22
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol ýatdan çykmajak gudratly işleri etdi, Reb merhemetli hem-de rehimli.


Ony – Ýakup Hudaýynyň ýüzüni agtarýanlaryň neslindendir ol.


Olaryň etmişlerini, eden ýamanlygyny özlerine gaýtar; elleriniň edenlerini özlerine gaýtar; edenlerine laýyk öwezini ber.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Ýer hemişelik satylmasyn, çünki ol Meniňkidir. Siz Meniň ýanymda gelmişek we kärendeçi ýalysyňyz.


Musanyň kanuny boýunça geçirilýän tämizleniş däp-dessurlaryň berjaý edilmeli döwri ýetip gelende, Ýusup bilen Merýem Iýerusalime gitdiler. Olar Isany Rebbe bagyş etmek üçin, Ony hem ýanlaryna aldylar.


Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda, Galla baýramynda we Çatma baýramynda Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna – Onuň Öz saýlajak ýerine gelsinler. Olaryň hijisi Rebbiň huzuryna eli boş barmasyn.


Ysraýyllar üçin Rebbiň Äht sandygynyň öňünde Iordan derýasynyň suwunyň kesilendigini, Äht sandygy göterilip getirilende, suwlaryň yza çekilendigini olara gürrüň beriň. Şeýlelikde, bu daşlar ysraýyllar üçin asyrlar boýy subutnama bolar».


Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».


Şoňa görä men ony Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň hyzmatynda bolsun» diýdi. Soňra ol şol ýerde Rebbe sežde etdi.


Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Akmaklyk etdiň, öz Hudaýyň Rebbiň emrini tutmadyň. Reb seniň Ysraýylyň üstünden edýän şalygyňy ömürlik ebedileşdirjekdi.


Soňra Elkana öýüne – Rama dolandy. Şamuwel bolsa Rebbe gulluk etmek üçin, Eliý ruhanynyň ýanynda galdy.


Şamuwel Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýip gezýärdi.


Dawut oňa: «Örän oňat, sen hem öz guluňyň başarnygyny görersiň» diýdi. Akyş han Dawuda: «Gaty gowy, sen ömürboýy meniň janpenam bolarsyň» diýdi.


Ýetginjek Şamuwel Eliýiň ýanynda Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol günler Rebbiň sözi seýrek gelerdi, Rebden gelýän ylhamlar azdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ