Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 1:11 - Mukaddes Kitap

11 Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Ол шейле касам этди: «Эй, Хөкмүрован Реб, Өз гырнагыңың чекйән хасратына назар сал, оны ятла. Өз гырнагыңы гөзден салма-да, гайтам, оңа бир огул бер, мен оны Саңа өмүрлик назыр эдейин, онуң келлесине пәки дегмез».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 1:11
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol soňra ant içip, şeýle diýdi: «Eger Hudaý meniň ýene-de sag-aman atamyň öýüne dolanyp gelerim ýaly, meniň bilen bile bolup, meni ýolda gorap, maňa iýmäge nan, geýmäge eşik berse, onda Reb meniň Hudaýym bolar.


Leýa göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol ogluna Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi, indi meni adamym halar» diýdi.


Hudaý Raheli ýatdan çykarmandy. Ol Raheliň dilegini eşidip, onuň ýatgysyny açdy.


Nuh hem-de onuň bilen gämide bolan haýwanlardyr mallaryň ählisini Hudaý ýatdan çykarmandy. Hudaý ýerde şemal öwüsdirdi; suw çekilmäge başlady.


Belki, Reb çekýän ezýetimi görüp, şu günki gargyşyň ýerine maňa bähbitlisini eder» diýdi.


Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler.


Näme, oglum? Göwrämden önen zürýadym! Näme diýeýin, Hudaýdan diläp alan oglum?


Wada bermezlik wada berip, ony berjaý etmezlikden ýagşydyr.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Eger kimdir biri Rebbe berlen wadany berjaý etmek üçin Rebbe bagyş edilen bolsa, ol adam şu möçberdäki bahalar bilen azat edilip bilner.


Şonda ysraýyllar Rebbe wada berip: «Eger hakykatdan hem bu halky biziň elimize berseň, olaryň galalaryny Saňa aýry goýlandygy üçin bütinleý ýok ederis» diýdiler.


Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür edip, nazyry günäsinden saplasyn, çünki ol jesede golaýlaşandygy zerarly ýazykly bolupdy. Nazyr şol günüň özünde saçyny täzeden bagyş etsin.


Nazyr bolmaga kasam içen döwrüniň bütin dowamynda onuň kellesine hiç bir päki degmesin, özüni Rebbe bagyş eden günleri gutarýança, nazyr bolan adam mukaddesdir, ol saçyny ösdürsin.


Nazyrlyk döwrüniň bütin dowamynda bu adam Rebbe bagyş edilen adamdyr.


Ýeftah Rebbiň öňünde ant içip, şeýle diýdi: «Eger Sen ammonlylary meniň elime berseň,


Çünki sen göwreli bolarsyň we ogul dograrsyň; onuň kellesine päki degmeli däldir, sebäbi enesiniň göwresinde galan gününden başlap, ol çaga Hudaýa nazyr bolar, ol Ysraýyly piliştlileriň elinden halas eder» diýdi.


Hannanyň kalby hasratdan doludy. Ol gözünden boýur-boýur ýaş döküp durşuna, Rebden dileg etdi.


Hanna Rebbiň huzurynda uzak wagt dileg edensoň, Eliý onuň agzyna seredip otyrdy.


Ertesi irden turup, olar Rebbe sežde etdiler, soňra yzlaryna gaýtdylar we Ramadaky öz öýlerine dolanyp geldiler. Elkana öz aýaly Hanna ýanaşdy; Reb onuň dilegini kabul etdi.


Hanna bu gezek onuň bilen gitmedi. Ol adamsyna: «Süýtden aýrylandan soň, men çagany Rebbiň huzuryna alyp bararyn, ol şol ýerde ömürlik galar» diýdi.


Ine, şu çaga üçin dileg edipdim. Reb meniň dilegimi kabul etdi.


Şoňa görä men ony Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň hyzmatynda bolsun» diýdi. Soňra ol şol ýerde Rebbe sežde etdi.


Gaýtjak bolanlarynda: «Rebbiň hyzmatyna bagyş eden ogluňyň öwezini dolar ýaly, goý, Reb saňa şu aýaldan ýene zürýatlar bersin» diýip, Eliý Elkana hem-de onuň aýalyna ak pata bererdi. Soňra olar öýlerine dolanardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ