Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Şamuwel 1:10 - Mukaddes Kitap

10 Hannanyň kalby hasratdan doludy. Ol gözünden boýur-boýur ýaş döküp durşuna, Rebden dileg etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Ханнаның калбы хасратдан долуды. Ол гөзүнден боюр-боюр яш дөкүп дуршуна, Ребден дилег этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Şamuwel 1:10
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rahel Ýakuba çaga dogrup bermändigini görende, ol öz aýal doganyna göriplik etdi. Ol Ýakuba: «Maňa-da çaga ber, ýogsam, men ölerin» diýdi.


Iordan derýasynyň gündogaryndaky Atat harmany diýen ýere ýetenlerinde, olar ses edip aglaşdylar. Ýusup kakasy üçin ýedi günläp ýas tutdy.


sözüni soňlap-soňlamanka, şanyň ogullary gelip ýetdiler. Olar ses edip aglaşdylar. Patyşa bilen onuň adamlary-da gözýaş döküp aglaşdylar.


sözüni dowam etdi: «Kakaňyň hem-de onuň adamlarynyň batyr ýigitlerdigini bilýänsiň. Olar sährada çagasyny elinden aldyran aýy ýaly ýowuz boldular. Üstesine-de, ataň tejribeli urşujydyr. Ol gijäni goşunyň arasynda geçirmez.


«Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady.


«Durmuşymy ýigrenýärin, erkinlik bilen arz ederin, ajy hasratdan geplärin.


Şonuň üçinem ümsüm boljak däl, janymyň ýangyjyna geplejek, ajy hasrat bilen şikaýat etjek.


Maňa dem almaga salym bermeýär, Ol kalbymy hasratdan doldurýar.


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.


Ýürek öz derdini özi bilýändir, şatlansa-da keseki goşulýan däldir.


Näme diýeýin? Meniň bilen gepleşen, muny eden Rebdir, kalbymyň hasratlydygy zerarly ömürboýy pespäl gezerin.


Reb seni terk edilen, kalby gussaly aýal dek, ret edilen ýaş gelin dek çagyrdy. Muny Hudaý diýýär.


Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.


Ölen üçin aglaman, oňa ýas tutman, eýsem sürgüne giden üçin zar-zar aglaň, çünki ol indi öwrülip gelmez, dogduk mekanyny görmez.


Ol meni hasratdan doýrup, ýowşanyň ajy suwuny içirdi.


Ol agyr gama batyp, yhlas bilen Hudaýa dileg etdi. Isadan akýan der ýere damýan gan damjalary ýalydy.


Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.


Ysraýyllar Beýtele gelip, Hudaýyň huzurynda agşama çenli gaty ses edip, zar-zar aglaşdylar.


Nagomy olara garap: «Siz maňa Nagomy diýmäň, Mara diýiň, sebäbi Gudratygüýçli maňa gaty ajy durmuş berdi.


Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».


Olar iýip-içip bolanlaryndan soň, Hanna ýerinden turup, Rebbiň huzuryna bardy. Eliý ruhany şol wagt Rebbiň ybadathanasynyň söýesiniň gapdalyndaky kürsüde otyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ