Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Petrus 5:9 - Mukaddes Kitap

9 Dünýäniň ähli ýerinde doganlaryňyzyň hem hut şunuň ýaly ejirlere duçar bolýandyklaryny bilýändigiňiz üçin, berk iman bilen iblise garşy duruň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Дүнйәниң әхли еринде доганларыңызың хем хут шунуң ялы эҗирлере дучар боляндыкларыны билйәндигиңиз үчин, берк иман билен иблисе гаршы дуруң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Petrus 5:9
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin dileg etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleniňde, doganlaryňy kuwwatlandyr» diýdi.


Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.


Bularyň ählisiniň üstesine-de, imany galkan edinip dakynyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz.


Sebäbi men araňyzda bolmasam-da, ýüregimde siziň bilendirin. Siziň tertip-düzgünlidigiňizi, Mesihe bolan berk imanyňyzy görüp şatlanýaryn.


muşakgatlar zerarly siziň hiç biriňiz imandan dänmesin diýip etdik. Ýöne özüňiz bilýänsiňiz, bu muşakgatlar Mesihe iman getirenleriň başynda bardyr.


Iman ugrundaky göreşde edermenlik bilen göreş we baky ýaşaýşy makäm tut. Hudaý seni muňa çagyrdy, sen hem imanyňy köp şaýadyň öňünde doly ykrar edensiň.


Umuman, Isa Mesihe eýerip, Hudaýyň ýörelgesine laýyklykda ýaşamak isleýänleriň bary yzarlanmalara sezewar bolar.


Men ökde söweşiji kimin söweşdim, pellehana ýetdim, imanyma sadyk galdym.


Iman arkaly olar ençeme patyşalygy ýeňdiler, ýurdy adalatly dolandyrdylar, wadalara ýetdiler, arslanlaryň agzyny bagladylar,


Eger Hudaý sizi hemmeleri terbiýeleýşi ýaly terbiýelemese, onda siz Hudaýyň perzendi däl-de, çöp düýbüsiňiz.


Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar.


Şonuň üçin hem muňa ýürekden şatlanyň. Häzirki wagtda gysga wagtlaýyn synaglara duçar bolup, gam-gussa batsaňyz-da,


Ine, siz şunuň üçinem çagyryldyňyz, sebäbi Mesih siziň üçin ejir çekdi. Öz yzyna eýermegiňiz üçin, Ol size görelde boldy.


Siz dogrulyk üçin görgi görseňiz hem bagtyýarsyňyz. Adamlaryň size salýan howpundan gorkmaň, dowla düşmäň.


Tersine, Mesihiň çeken ejirlerine şärik bolýan ýaly şatlanyň. Onuň şöhraty aýan bolanda, şatlygyňyzyň çägi bolmaz.


Isa Mesihiň şägirdi hökmünde görgülere, Hudaýyň Şalygyna we çydamlylyga şärikdeşiňiz bolan men Ýohanna doganyňyz Patmos diýen adadadym. Men Hoş Habary wagyz edip, Isa Mesih hakda şaýatlyk edenim sebäpli bu ada sürgün edilipdim.


Şonda olara ak lybas berlip, ýene az salym sabyr etmelidigini aýtdylar. Çünki olaryň hataryna özleri ýaly öldüriljek ýoldaşlarynyň we doganlarynyň doly sany goşulmalydy.


Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ